Täze Jeýms Bond filminiň prokata çykjak wagty mälim edildi

Jeýms Bond baradaky täze filmiň prokata çykjak wagty mälim edildi. “Bloomberg” agentliginiň habaryna görä, “No Time To Die” filminiň dünýä premýerasy 2020-nji ýylyň aprelinde meýilleşdirilipdi. Ýöne koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy sebäpli 2021-nji ýylyň 2-nji apreline çenli yza süýşürilipdi.

Aprele hem ýetişmedik filmiň sentýabr aýynda çykaryljakdygy habar berildi.Filme Kari Fukunaga režissýorlyk etdi.Jeýms Bonduň keşbini bolsa ýene-de aktýor Daniel Kreýg ýerine ýetirdi.Filmde Lea Seýdu, Kristofer Waltz, Rami Malek, Laşan Linç ýaly belli artistler surata düşdi.

Ýene degişli makalalar

“Ölmegiň wagty däl” filmi pandemiýa döwrüniň iň köp girdejili filmi boldy
Nolanyň täze awtobiografik trilleri “Oppenhaýmer”
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi
Tarelka meňzeş ýüzýän myhmanhana