Täze jaýlar Daşoguzyň ýaşaýyş jaý gaznasynyň üstüni ýetirerler

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkeziniň Gülistan ýaşaýyş jaýlar toplumynda şu günler köp öýli jaýlaryň dördüsiniň gurluşgy alnyp barylýar. Olary Türkmendemirbetonönümleri ÖB-niň Daşoguzdaky demir-beton önümleri zawodynyň gurluşyk kärhanasy bina edýär, ol ýerli şahsy kärhanalaryň ikisini kömekçi potratçy hökmünde işe çekdi.

Täze binalar Daşoguzdan Görogly etrabyna barýan ýoluň ugrunda ýerleşýär. Gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň hersinde otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan öýleriň 16-sy bolar. Häzir olaryň ikisinde birinji gatyň kerpiç diwarlary galdyrylýar, beýleki ikisi heniz gurluşygyň başlangyç tapgyrynda.

Ýene degişli makalalar

Täze jaýlar Daşoguzyň ýaşaýyş jaý gaznasynyň üstüni ýetirerler
Bahtiýar Wahabzade
Türkiyäniň Milli howpsuzlyk gullugy Yrakda möhüm operasiýa geçirdi
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Eýran: Türkmensähra türkmenlerini koronawirus heläk edýär
Bogema rapsodiýasy: nusgawy rok sazlarynyň özboluşly beýany