Täze jaýdan paýly Watan goragçylary

Täze jaýdan paýly Watan goragçylary

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Diýarymyzyň çar künjeginde dürli maksatly binalar açylyp ulanmaga berilýär. Mary welaýatynyň Mary şäheriniň Mülkbagşy ýaşaýyş jaý toplumynda welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärlerine niýetlenen kottej görnüşli täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylmagy hem hünär baýramçylygyna ajaýyp sowgat boldy.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň buýurmasy esasynda bina edilen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary Mary Demirbetonönümleri kärhanasynyň gurluşykçylaryna ynanyldy. Täze 2 gatly, dört otagly döwrebap kottejleriň giň hem ýagty otaglarynda ýaşamak, dynç almak üçin ähli şertler döredilipdir. Öýlerde döwrebap hojalyk harytlarynyň dürli görnüşleri, aşhana mebelleri bolup, olaryň öz ýurdumyzda öndürilen önümler bolmagy has-da guwandyryjydyr.

Täze ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan dabarany welaýatyň meşhur aýdymçylary, bagşy-sazandalary, folklor-tans we döredijilik toparlary şowhunly çykyşlary bilen bezediler.Dabarada gutlag sözleri bilen çykyş edenler täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser eden ildeşlerimize süýji arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňra ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda tapawutly zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar, ýurt eýelerine bolsa täze öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabat şäherinde 36 sany täze kottej jaýy ulanmaga berildi
Maryda polisiýa işgärleri üçin gurlan kottej jaýlary ulanmaga berildi
Türkmenistanyň futzal çempionatynda ikinji aýlawyň duşuşyklary tamamlandy
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Daşkentde iki ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer
Şa serpaýly ussalar
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy