Täze Indiana Jons we Işi ýerine ýetirip bolanok filmleri ýitgili bolup biler

Täze Indiana Jons we Işi ýerine ýetirip bolanok filmleri ýitgili bolup biler

Variety neşiri täze Indiana Jons we Işi ýerine ýetirip bolanok filmleriniň öz studiýalaryna ýitgi getirip biljekdigini habar berdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Mysal üçin, aktýor Harrison Forduň baş keşbi janlandyran Indiana Jons 5 filminiň premýera görkezilişi iýunyň aýagynda bolup, alty hepdelik prokatdan soň 375 million dollar toplady. Tom Kruzyň çykyş edýän Işi ýerine ýetirip bolanok filmi prokatda bäş hepdede 523 million dollar toplady.

Variety neşiri filmleriň her biriniň önümçiligine 300 million, marketing çykdajylaryna 100 million dollar töweregi sarp edilendigini belleýär. Netijede, Disney we Paramaout studiýalary bu filmler üçin 100 million dollar ýitgi çekip bilerler.

Neşir Işi ýerine ýetirip bolanok filminiň heniz ýitgisiz bolup biljekdigini çaklaýar, munuň üçin filme dünýä prokatynda 600 million dollar kassa ýygymyny ýygnamak gerek.

Ýene degişli makalalar

Tom Kruz Işi ýerine ýetirip bolanok filmler tapgyryndan ýüz öwürmekçi däl
Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýrana saparynyň dowamynda 5 sany täze resminama gol çekildi, Türkmenistanyň IIM ýangyn howpsuzlygy düzgünlerini berjaý etmek barada duýdurýar, Türkmenistanda ýylyň iň gowy talyby saýlanyldy we beýleki habarlar
Hindistanda musulmanlara garşy diskurslar diskurslar artýar
“Mahmal Zip” önümlerini “World Food India 2023” sergisinde görkezdi
Sosial ulgamda ynandyryjy däldigi üçin hindi filmini tankyt etdiler
Hindistanda 26 barmakly gyzjagaz dünýä indi