Täze heýkeller toplumy Türkmenbaşy şäherine bezeg berer

“Awaza” Milli syýahatçylyk zolagy çalt depginlerde çägini giňeldip, gözel görke girýär.Awazanyň ilkinji binalary bilen tanyşdyrylyşdan bäri geçen döwürde Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda adamlaryň amatly dynç almagy üçin oňaýly şertler döredilen ýokary derejeli myhmanhanalar toplumlarynyň ajaýyp binalary peýda boldy. Şypahana zolagynyň düzüminde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän çagalar sagaldyş we medeni dynç alyş merkezleri, sport toplumlary, şeýle hem dükanlar, restoranlar, kafeler, barlar hereket edýär, häzirkizaman şypahanasyna bezeg berýän we sazlaşykly özboluşly landşaft seýilgähleri döredildi.

Awazanyň ýol-ulag düzümi hem kämilleşdirilýär, halkalaýyn ýolaýrytly ýollar gurulýar.Olaryň biri “Jadyly kenar” seýilgäh-dynç alyş toplumyna gadymy Hazaryň kenaryndaky halkara derejleli deňiz şypahanasynyň gülläp ösüşini alalmatlandyrýan özboluşly “Awazanyň öwüşgüni” atly heýkeller toplumy bezeg berer.

Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna girilýän ýerde “Hazar merjeni” atly monumental toplum gurlar.

More related articles

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatyndaky dabaralara gatnaşdy
Türkmenistan — Gyrgyz Respublikasy: möhüm gatnaşyklaryň täze ugry