Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Soufan Group” kompaniýasy “Halyflygyň daşynda: Daşary ýurt söweşijileri we olaryň yzlaryna dolanandan soň abandyrýan howpy” atly analitiki hasabaty çap etdi.
Şu ýylyň oktýabr aýynda ýaýradylan hasabatda “Yslam döwleti” toparynyň özüniň Siriýadaky we Yrakdaky territoriýalarynda kontrollygy ýitirip başlamagy bilen, dünýäniň 33 ýurdundan azyndan 5600 “YD” söweşijisiniň öz watanyna dolanandygy we munuň şol döwletleriň kanun goraýjy organlary üçin “uly problema” bolup durýandygy aýdylýar.
“Yslam döwleti” toparynyň hatarynda söweşmek üçin Türkmenistandan 400 sany adamyň Siriýa we Yraga gidendigi, raportda bellenilýär, emma olaryň näçesiniň yzyna dolanandygy barada maglumat berilmeýär.
Azatlyk Radiosyna bu maglumaty häzirlikçe degişli türkmen häkimiýetlerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady. Bu barada türkmen media serişdelerinde hem haýsydyr bir maglumat berilmeýär.
Gepiň gerdişine görä bellesek, bu Türkmenistanyň raýatlarynyň “Yslam döwleti” toparynyň düzüminde söweşýändigi barda köpçülige ýaýran ilkinji maglumatlar däl.
Şu ýylyň sentýabr aýynda RIA-Nowosti agentligine salgylanyp, “Sputnik” neşiri Yragyň Naýnawa regionynyň Tall-Afar şäherinde ýesir düşen “Yslam döwleti” (YD) toparynyň söweşijileriniň maşgalalary bolmakda güman edilýän aýallaryň arasynda, Türkmenistanyň raýatlary bolan zenanlaryň hem bardygyny habar beripdi.
Mundanam başga, şu ýylyň iýul aýynyň ahyrynda Azatlyk Radiosy Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda “Yslam döwleti” toparynyň söweşijisi bolmakda güman edilýän dört adamyň ele salnandygyny we olaryň Owganystanyň Hyrat welaýatyndan ýurda syzyp girendigini habar berdi.
Şonda Azatlygyň ýurduň Goranmak ministrligindäki çeşmesi söweşiji bolmakda güman edilýän Türkmenistanyň şol dört raýatynyň Siriýada we Yrakda “Yslam döwleti” toparynyň düzüminde söweşlere gatnaşandygyny, adynyň agzalmazlyk şerti bilen gürrüň beripdi.
Mundan öň, ýagny iýun aýynda bolsa Azatlyk Radiosy öz çeşmelerine salgylanyp, Türkiýäniň häkimiýetleriniň Türkmenistana “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri bolmakda güman edilýän dört adamy tabşyrandygyny, şeýle-de Türkmenistana öz territoriýasynda “YD mahsus” terraktyň bolmagynyň ähtimaldygy barada aňtaw maglumatlarynyň gowşandygyny habar beripdi.
Radikallaşmagy we syýasy zorlugy öwrenmek boýunça halkara merkeziň 2015-nji ýyl boýunça hasabatynda “Yslam döwleti” toparynyň düzüminde 360 türkmenistanlynyň söweşendigi aýdylypdy.
2014-nji ýylda bolsa, Siriýada söweşlere gatnaşýan türkmenistanlylar barada rus hem hytaý mediasynda dürli maglumatlar peýda bolup, onda Türkmenistandan Siriýa söweşmäge baryp, hökümet güýçleri tarapyndan tussag edilendigi aýdylýan we özüni Röwşen diýip tanadan bir türkmenistanly görkezilýär. Wideoýazgyda ol özüniň Siriýa jyhada gatnaşmak üçin gelendigini aýdýar.
Dünýäniň dürli media serişdelerinde çykýan bu maglumatlar barada Türkmenistanyň häkimiýetleri häzirki güne çenli dymyp gelýärler.