Global töwekgelçilik boýunça geňeşdarlyk hyzmatlaryny hödürleýän The Risk Advisory Group kompaniýasynyň ýaýradan “Korrupsiýa päsgelçilikleri 2019” atly soňky hasabatyna görä, Türkmenistan dünýäde korrupsiýanyň döredýän päsgelçilikleri boýunça hem-de ýurt içindäki korrupsiýa maglumatlarynyň elýetersizligi babatda dünýäde birinji orunda.
Hasabatda çap edilen tablisada Türkmenistan korrupsiýa päsgelçilikleri boýunça dünýäde iň birinji orunda ýerleşdirilýär.Sanawda Türkmenistanyň yzyna Liwiýa, Somaliýa, Ýemen ýaly ýurtlar eýerýär.Hasabat “Korrupsiýanyň döredýän päsgelçilikleri”, “Korrupsiýanyň salýan wehimi” we “Korrupsiýa baradaky maglumatlaryň elýeterliligi” ýaly esasy üç bölümden durýar.
Türkmenistan “Korrupsiýa baradaky maglumatlaryň elýeterliligi” boýunça döredilen sanawda-da Ýemen, Somaliýa we Liwiýa ýaly ýurtlaryň öňünden dünýäde birinji orunda ýerleşdirilýär. “Türkmenistan maýadarlar üçin iň agyr korrupsiýa päsgelçiliklerini döredýän ýurt bolmagynda galýar” diýip, hasabatda aýdylýar. “Ynamdar maglumatlar babatda Türkmenistan, Liwiýa we Somaliýa iň ýaramazlaryň hatarynda” diýlip, hasabatda bellenýär.
Hasabatda dünýäniň 187 ýurdunda korrupsiýanyň ýagdaýyna baha berilýär. 10-njy aprelde Azatlyk Radiosy Türkmenistanda korrupsiýanyň döredýän päsgelçiliklerini anyklamakda haýsy metodologiýanyň ulanylandygyny has giňişleýin öwrenmek üçin Risk Advisory toparyndan Erol Ýalçiner bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Onuň beren umumy maglumatyna görä, ýurtda korrupsiýa boýunça maglumat elýeterliligini anyklamak üçin jemgyýetçilige açyk maglumatlardan, hukuk goraýjy guramalaryň ýyllyk hasabatlaryndan, ýurtda maýa goýum şertleri barada mediada we metbugatda çykan habarlardan, baha berilýän ýurtda metbugat azatlygynyň ýagdaýyny görkezýän hasabatlardan we şuňa meňzeşlerden peýdalanylýar. Ýalçiner bu hasabatyň ýurtlaryň biznes töwekgelçilik şertleri barada maýadarlary habarly etmek maksady bilen çap edilýändigini gürrüň berdi.
Freedom House, Human Rights Watch ýaly halkara hukuk goraýjy guramalaryň ýyllyk hasabatlaryna görä Türkmenistan ýurtda metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça iň yzky orunlarda ýerleşdirilýär.Risk Advisorynyň hasabatynyň “Russiýa, Gündogar Ýewropa we Ýewraziýa” bagyşlanan bölüminde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahal-teke bedewiniň üstünde alabaý göterip, türkmen don-telpeginde düşen suraty ýerleşdirilipdir.
Türkmenistanda döwlet emeldarlary ýurt içindäki korrupsiýanyň gerimi baradaky maglumatlary jemgyýetçilige aýan etmeýär. Ýöne döwlet telewideniýesi korrupsiýada aýyplanyp, toba edýän ýagdaýda eli gandally görkezilýän adamlaryň wideosyny wagtal-wagtal köpçülige ýetirip durýar.
Prezident Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň iýunynda Ykdysady jenaýatlara garşy göreşýän özbaşdak döwlet gullugyny döretdi.Synçylaryň sözlerine görä bu agentlik, ilkibada, göräýmäge, ýurtda dürli pudaklarda ýol berilýän korrupsiýanyň, hususan-da parahorlygyň üstüni açyp, olaryň netijelerini birbada döwlet telewideniýesinde görkezip başlapdy. Ýöne aradan 1.5 ýyl töweregi wagt geçenden soň, prezident bu gullugyň özbaşdak ygytyýarlyklaryny ýatyryp, ony Içeri işler ministrligine berkitdi.
Transparency International guramasynyň ýanwaryň aýagynda çap eden korrupsiýa hasabatynda Türkmenistan korrupsiýanyň derejesi boýunça 180 ýurduň arasynda 161-nji orunda ýerleşdirildi.