BSGG-nyň Ýokanç kesellere we pandemiýa taýýarlyk hem-de öňüni alyş edarasynyň Direktory Maria Wan Kerkowe BMG-niň Ženewadaky pfisiniň hepdelik metbugat ýygnagynda Kowid-19 pandemiýasy hakynda beýannama berdi.
Kowid-19-yň dünýäde henizem dowam edýändigini aýdan Kerkowe; “84 ýurtdaky barlag ulgamymyzdan gelen görkezijiler Kowid-19 üçin pozitiw testleriň mukdarynyň soňky birnäe hepdeden bari artýandygyny görkezýär. Umuman testleriň pozitiwligi 10 göterimden ýokarda, emma ol sebite görä üýtgeýär. Ýewropada pozitiwlik 20 göterimden ýokarda” diýdi.
Kerkow Kowid-19-yň häzirki wagtda hasaba alynandan has köpdügini beýan edip; “Bu möhüm, sebäbi wirus üýtgemäge dowam edýär. Ol hem ählimizi has howply wirus howpuna sezewar edýär” diýdi.
Pasyldan garaşsyz görnüşde soňky aýlarda birnäçe ýurtda Kowid-19 keseliniň artmagyna ünsi çeken Kerkowe, Fransiýadaky olimpiada oýunlarynda bäsleşýän azyndan 40 türgeniň hem Kowid-19 testiniň netijesiniň pozitiw çykandygyny nygtady.
Sanjym boýunça, esasanda howply topardakylaryň ýatlatma dozasyny almalydygyny nygtan Kerkowe; “Soňky iki ýyldan bäri sanjymlamada, esasanda howply toparlardan ikisi bolan saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri bilen 60 ýaşdan ýokardaky adamlaryň arasynda aladalandyryjy aşaklamanyň bardygyny görýäris. Ol gysga möhletde tersine öwrülmeli” diýdi.