Täze Ford Mustang meýilleşdirileninden ýarym ýyl öň tanyşdyrylar

Täze Ford Mustang meýilleşdirileninden ýarym ýyl öň tanyşdyrylar

Ford meşhur Mustang sportkarynyň täze nesli bilen sentýabr aýynda Detroýt halkara awtosalonynyň çäklerinde tanyşdyrar. Bu barada kompaniýanyň meýilnamalary bilen tanyş insaýderleriň maglumatlaryna salgylanýan Automotive News ýazýar.

Owal habar berlişine görä, täze ulagyň ilkinji görkezilişi 2023-nji ýylyň aprelinde geçmelidi.Kompaniýada bu maglumaty resmi taýdan tassyklamakdan ýa-da ret etmekden boýun gaçyrdylar.Forduň kommunikasiýalar boýunça direktory Maýk Lewin ýedinji nesliň Mustang-y "eýýäm ýola düşdi" we kompaniýa tiz wagtdan ol barada ähli jikme-jiklikleri paýlaşar diýip belledi. Ýaşyryn düşürilen suratlardan çen tutsaň, Täze Ford Mustang umuman häzirki nesliň daşky görnüşiniň stilini saklar, ýöne içi welin uly ekranly media ulgamy bilen düýbünden täze görnüşe eýe bolar.

Motor gammasy hem döwrebaplaşdyrylar: Mustang ýöriteläp şol bir 2,3 litrlik "turbodörtlügi" we 5,0 litre V8 alar, ýöne olar gibrid gurluşlar üçin baza bolarlar.Ford Mustang-yň täze nesliniň önümçiligine 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda girişiler, Detroýtdaky awtosalon 14-nji sentýabrda açylar.

Ýene degişli makalalar

Astronawtlar nädip ses berýär
Apple awtoulag döretmek üçin Lamborghini-niň öňdebaryjy menejerini hakyna tutdy
Ford 2023-nji ýylda Fiesta hetçbegini önümçilikden aýrar
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31...
“Nokia” Türkmenistan bilen şahsy kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär
Täze Bewerli-hillzli poliseý filminiň treýleri çykdy