Täze Filmler

“Gyzyl serçe” (Red Sparrow)Režissýory: Fransis Lawrens; Keşplerde: Jennifer Lawrens, Joel Edgerton, Mattias Şonarts, Şarlotta Rempling, Jeremi Aýrons, Meri-Luiz Parker, Kiaran Haýnds, Joeli Riçardson; Prodýuserleri: Piter Çernin, Stiwen Zallian, Jenno Topping, Dewid Ridi; Ssenariçi: Jastin Heýs (Jeýson Mettýusyň adybir eseri esasynda); Kompozitory: Jeýms Nýuton Howard; Öndüriji: “Chernin Entertainment”; Paýlaýjy: “20th Century Fox”; Dowamlylygy: 140 minut; Görnüşi: uruşly, jansyz, triller, drama; Ýurdy: ABŞ; Dili: iňlisçe; Býujeti: 69 million $.

Geçen asyryň 6070-nji ýyllarynda bolup geçen jansyz wakalary barada söhbet açýan ýene bir film peýda boldy. “Gyzyl serçe” atly filmde baş keşbi oskarly owadan aktrisa Jennifer Lawrens janlandyrýar.

Ondan başga-da Joel Edgerton, Mattias Şonarts, Şarlotta Rempling, Jeremi Aýrons, Meri-Luiz Parker, Kiaran Haýnds, Joeli Riçardson ýaly Golliwudyň tanalýan artistleri dürli keşpleri ýerine ýetirýär. “20th Century Fox” kompaniýasynyň garamagyndaky filme Fransis Lawrens režissýorlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, ol Jennifer Lawrens bilen “Açlyk oýunlary” kinolarynda-da bile işleşipdi.Jeýson Mettýusyň 2013-nji ýylda çapdan çykan adybir romany esasynda filmiň ssenarisini Jastin Heýs ýazdy. 140 minutlap dowam edýän ekran eseriniň surata düşüriliş işleri Budapeşt, Bratislawa, Wena hem-de London şäherlerinde alnyp baryldy.

Filmde Dominika atly jansyz zenanyň öz maksadyna ýetmek hem-de buýrulan tabşyryklary ýerine ýetirmek üçin garadan gaýtmaz gaýduwsyzlygy barada gürrüň berilýär.

90-njy Oskar dabarasy

Ilkinjisi 1929-njy ýylyň 16-njy maýynda “Hollywood Roosevelt” myhmanhanasynda geçirilipdi. Şol wagtlaryň pulundan 5 dollar tölenip gatnaşylan we 15 minutlap dowam eden çäräniň bu günki günde 90-njysy 4-nji martdan 5-nji marta geçilýän gije Los Anjelesdäki “Dolby” teatrynda geçiriler.

Bu ýubileý çäräni meşhur komediýaçy Jimmi Kimmel alyp barar.Dabarada 24 ugurdan Oskar heýkeljikleri gowşurylar.

OSKAR HEÝKELJIGIHeýkeljigi “Metro Goldwyn Mayer” şereketiniň bezeg- çisi Sedrik Gobbins eli gylyçly rysarly esger şekilinde taýýarlaýar.

Soňra heýkelta- raş Jorj Stenli tarapyndanam ýasalýar.Oskar heýkeljiginiň boýy 34,3 sm, agramy-da 3,856 kg.Her ýylky Oskar dabarasy üçin britaniý metaly, kümüş nikelden ýasalan we üstüne 24 karatlyk altyn çaýylan heýkeljikleriň 50 sanysy 34 hepdäniň dowamynda ýasalýar.

Adynyň gelip çykyşy barada-da 2 dürli maglumat bar.Birinjisi, Oskary 2 gezek eýelän meşhur aktrisa Bette Dewis ýanýoldaşy Harmon Oskar Nelsona bagyş edip, onuň adyny goýupdyr we soňlugy bilenem, şol Oskar ady galypdyr. Ýene bir maglumatda bolsa, Amerikan kino akademiýasynyň kitap- hanasynda işleýän Margaret Herrik heýkeljikleri kakasynyň dogany Oskara meňzedendigi üçin bu ady goýupdyr diýen gürrüňem bar.

Akademiýa Oskar adyny 1939-njy ýyla çenli resmi ýagdaýda ulanmaýar.Arzyly heýkeli alanlaryň ony hiç bir baha satmagyna rugsat edilmeýär.Ony diňe akademiýa 1 dollara yzyna alyp bilýär.

Ýene degişli makalalar

“Mirasdüşerler” iň gowy drama serialy, “Ted Lasso” iň gowy komediýa serialy
Emmi baýragynyň ýeňijileri yglan edildi
Zelenskiýniň ABŞ-na Sapary
Garaşsyzlyk gününde baýramçylyk joşguny duýulmaýar’
Awstraliýanyň Katar 2022-däki düzümi belli boldy
Super kuboklaryň eýeleri