Täze film

“Ýyldyz söweşleri: Skaýwolkeriň ösüşi”

(Star Wars: The Rise of Skywalker)

Režissýory: J.J.Abrams; Keşplerde: Kerri Fişer, Mark Hamill, Adam Draýwer, Deýzi Ridli, Jon Boýega, Oskar Aýzak, Entoni Daniels, Naomi Aki, Domnall Glison, Riçard E.

Grant, Lupita Nýong’o, Keri Rassell, Junas Suotamo, Kelli Marie Tran, Iýn MakDaýrmid, Billi Di Williams; Prodýuserleri: Ketlin Kennedi, J.J.Abrams, Miçell Reýwan; Ssenariçileri: J.J.

Abrams, Kris Terrio; Kompozitory: Jon Williams; Öndüriji: “Lucasfilm Ltd.”, “Bad Robot Productions”; Paýlaýjy: “Walt Disney Studios Motion Pictures”; Dowamlylygy: 142 minut; Görnüşi: uruşly, ylmy-fantastik, başdan geçirme; Ýurdy: ABŞ; Dili: iňlisçe; Býujeti: 275 million $.

Mundan 43 ýyl ozal Jorj Lukas tarapyndan döredilen “Ýyldyz söweşleri” filmler toplumynyň nobatdaky kinosy “Ýyldyz söweşleri: Skaýwolkeriň ösüşi” bolup, oňa J.J.Abrams režissýorlyk edýär.

Bu ekran eserinde Kerri Fişer, Mark Hamill, Adam Draýwer, Deýzi Ridli, Jon Boýega, Oskar Aýzak we ýene-de birnäçe meşhur artistler surata düşdi.Filmde mundan öňki kinoda bolup geçen wakalardan soňky hadysalar barada söhbet açylýar.

Girdejisini 1 milliard dollardan geçirmegine garaşylýan kinoda Ilkinji Ordeniň täze hojaýyny Kaýlo Ren bilen Diregçilerden Reýň arasyndaky göreş beýan edilýär.Film häzirki güne çenli dünýä prokatlaryndan 815 million dollar girdeji toplady.

Ýene degişli makalalar

Rus kärhanasy Ukrainada ýere gaçyryljak F-15 we F-16 kysymly uçarlar üçin pul sylagyny berer
Hemilton bilen Serena Uilýams “Çelsini” satyn almak taslamasyna maýa goýdular
Polşa, ABŞ-dan 250 Sany Tank Alar
Rus Işewüri Abramowiçiň Ýahtasy Bodruma Geldi
Roman Abramowiçiň türkleriň "Geztepe-sini" satyn almagy mümkin
Milli Bahar baýramyna bagyşlanan göçme sergi