Täze film

“Taýyn bol, birinji oýunçy” (Ready Player One)

Režissýory: Stiwen SpilbergKeşplerde: Taý Şeridan, Oliwiýa Kuk, Ben Mendelson, T.J.Miller, Saýmon Pegg, Mark Raýlans, Lina Waýt, Win Morisaki, Hannah Jon-KamenProdýuserleri: Stiwen Spilberg, Donald De Laýn, Dan Farah, Kristi Makosko KrigerSsenariçileri: Zak Penn, Ernest KlaýnKompozitory: Alan SilwestriÖndürijler: “Warner Bros.

Pictures”, “Amblin Partners”, “Amblin Entertainment”, “Village Roadshow Pictures”, “De Line Pictures”, “Farah Films & Management”Paýlaýjy: “Warner Bros.Pictures”Dowamlylygy: 140 minutGörnüşi: ylmy-fantastik başdan geçirmeÝurdy: ABŞDili: iňlisçeBýujeti: 175 million $

Golliwudyň iň öňdebaryjy režissýorlaryndan Stiwen Spilbergiň nobatdaky kinosy ylmy-fantastik başdan geçirme görnüşinde bolup, ol “Taýyn bol, birinji oýunçy” diýip atlandyrylýar. 140 minutlap dowam edýän bu filmde Taý Şeridan, Oliwiýa Kuk, Ben Mendelson, T.J.

Miller, Saýmon Pegg, Mark Raýlans, Lina Waýt dagy esasy keşpleri janlandyrýar.Ernest Klaýnyň 2011-nji ýylda çapdan çykan adybir romany esasynda ekranlaşdyrylan filmiň ssenarisini Zak Penn bilen ýazyjynyň özi ýazdy.

Film Angliýanyň Birmingem şäherinde hem-de ABŞ-nyň Ohaýo ştatynda surata alyndy. 175 million dollar çykdajy edilen film Demirgazyk Amerikanyň prokatlarynda ilkinji 3 gününde 41,2 million dollar gazandy.

Bu görkeziji ussat režissýoryň soňky 10 ýylda prokatlara iň şowly başlan kinosy boldy. “Taýyn bol, birinji oýunçy” filmi häzirki güne çenli tutuş dünýä prokatlaryndan 238 million dollar girdeji gazandy.Weýd dünýäniň kynçylyklaryndan we içgysgynçlygyndan daşlaşmak üçin wagtynyň agramly bölegini hyýaly älemde 19701980-nji ýyllaryň amerikan pop medeniýeti esasynda döredilen hazyna gözlegi oýny bolan “Oasis”-de geçirýär. Ýöne “Oasis”-i esaslandyran millioneriň aradan çykmagyndan soň, onuň baýlygy miras galýar we şol mirasy hazyna gözlegi oýnunyň ýeňijisiniň aljakdygy aýdylýar.

Weýd hem bu oýna goşulýar. Ýöne mirasyň köp bolmagy oýnuň depginini düýpgöter üýtgedýär.Ol indi diňe bir oýun däl. Şereketiň paýdarlary hem-de açgöz oýunçylar hazyna hemmeden öňürti barmak üçin beýlekileri ýeke-ýeke ýaryşdan çykaryp, ellerinden gelenini gaýgyrman hereket edip başlaýarlar…

Ýene degişli makalalar

Täze kinolar
Meşhur aktwist barada täze film
Kris Rok Martin Lýuter King barada film surata düşürmekçi
Spilberg iň gowy režissýor, kinosy-da iň gowy film diýlip saýlandy
Gülgün reňkli Barbi
Supermeniň iti, Betmeniň tazysy, Wonder Women-iň kengrusy, Fleşiň pyşbagasy…