Ministrler Kabinetiniň 20-nji awgustda geçen mejlisinde energiýa ministriniň wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetiriji Çarymyrat Pürçekow “Garabogazköl”aýlagyndaky ýerasty baýlyklarynyň özleşdiriliş işleri barasynda hasabat berdi diýip, TDH döwlet täzelikler gullugy habar berdi.
Bu işi “Türkmenhimiýa”döwlet şirketi amala aşyrar. Maglumatlara görä, aýlakda sulfat öndüriler.
“Türkmenhimiýa” we Ylymlar akademiýanyň himiýa instituty aýlakdaky himiýa elementleriniň we mineral duzlaryň ummasyz ätiýaçlaryny eýýäm,tassykladylar.
Şeýlede çinownik prezident Berdimuhammedowdan gurluşyk ministrliginiň karýer edarasyna açyk görnüşli “Türkmen kaolin” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ilkibaşky pulunyň 49 göterim paýy bilen hemaýatkäri hökmünde işewür topar bolup gatnaşmaga rugsat sorady.
Prezident bu ideýany goldady we karara gol goýdy.
Neşiriň ýazmagyna görä, guramaçylyk we hukuk görnüşiniň üýtgemegi hem kaolin sehiniň durkunyň täzelenmegi kärhananyň öndürijiligini ýokarlandyrar, täze iş orunlaryny döreder we daşary ýurtlardan çig mal satyn almak üçin çykdaýjylary kemelder.
Prezident teklibi kabul etdi we karara gol goýdy.
Ol tebigy baýlyklaryň özleşdirilişini tizleşdirmegi we onuň çäginde import edilýän harytlary çalyşyp boljak önüm öndürýän kärhanalar döretmegi tabşyrdy.
Şeýlede prezident Berdimuhamedow energiýa ministriniň wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetiriji Pürçekowy wezipesinden boşatmak barada karara hem gol goýdy.
Onuň ýerine ministriň orunbasary Hajymyrat Rejepmyradow bellendi we Serdar Saparow bolsa, energiýa ministriniň täze orunbasary boldy.
The post Täze energiýa ministri bellendi, “Garabogazköl” aýlagynda sulfat öndüriler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.