Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda kino sungatyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy we Kompozitor atly çeper filmiň görkezilişi boldy.Türkmen kino sungatynyň şöhratly taryhynyň bardygyny bellemek gerek.
Kinematograflaryň häzirki nesli bu sungatyň iň gowy däplerini ösdürip, onuň giň mümkinçiliklerini halkymyzyň ruhy ösüşiniň, ýaşlaryň watançylyk we ahlak terbiýesiniň bähbitlerine doly derejede herekete getirmäge çalyşýarlar.Kompozitor atly film Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşigi tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýakyndan ýardam bermeginde surata düşürildi.