Täze Boeing 777-300ER kysymly ýolagçy uçary Aşgabat — Abu-Dabi şäherine uçuşy amala aşyrdy

Täze Boeing 777-300ER kysymly ýolagçy uçary Aşgabat — Abu-Dabi şäherine uçuşy amala aşyrdy

Aşgabadyň Halkara howa menziline gelen ikinji täze Boeing 777-300ER kysymly ýolagçy uçary Abu-Dabi şäherine uçuşy amala aşyrdy. Bu barada TDH ýazýar.

Döwrebap howa gämisi 368 ýolagçyny gatnatmaga ukyply. Onda 2 sany GE90-115BL2 görnüşli hereketlendiriji ornaşdyrylan. Bu uçaryň uçuş uzaklygy 11 390 km deň bolup, ol 40 tonna çenli göwrümli ýük bilen halkara gatnawlary bökdençsiz ýerine ýetirip bilýär.

Türkmenistan awiakompaniýasynyň uçarlaryň ilkinjisini geçen ýylyň dekabrynda kabul edendigini bellemek gerek. Häzirki zaman Boeing 777-300 kysymly täze ýolagçy uçarynyň Aşgabat — Bangkok howa gatnawyny amala aşyrýadygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Aşgabadyň Halkara howa menziline täze ýolagçy uçary gelip gowuşdy
Aşgabat — Bangkok — Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawy ýola goýuldy
Türkmenistan awiakompaniýasy halkara uçuşlarynyň geografiýasyny giňeldýär
Türkmenistan awiakompaniýasy halkara uçuşlarynyň sanyny artdyrýar
Uçýan taksiler garaşylandan ir peýda bolar
“Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň söwda palatasyna özgerdilmegine umyt bildirilýär