
Netflix internet platformasy täze Bewerli-hillzli poliseý: Aksel Fouli filminiň ilkinji tizer-treýlerini çap etdi. Eddi Merfiniň baş keşbi janlandyrýan filmler tapgyrynyň dördünji bölümi 2024-nji ýylda bu striming meýdançasynda görkeziler diýip, Film.ru habar berýär.
Filmde şeýle-de aktýorlar Jozef Gordon-Lewitt, Kewin Beýkon, Teýlor Peýj dagylar çykyş edýärler.
Bewerli-hillzli poliseý filminiň birinji bölümi 1984-nji ýylda ekranlara çykdy, 1987 we 1994-nji ýyllarda onuň ikinji we üçünji bölümleri tomaşaçylara ýetirildi.
Filmler dünýä prokatynda jemi 712 million dollar toplady.