Ýuwaş ummanyndaky Tonga patyşalygynda 2015-nji ýylda suwasty wulkanyň atylmagy netijesinde ýüze çykan adada gysga wagtda ýaşaýşyň başlandygy alymlary haýran galdyrdy. 176 adadan ybarat bolan ýurduň paýtagty Nuku’alofanyň 70 kilometr demirgazyk-günbatarynda dörän adada geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde, bu ýerde guşlaryň we ösümlikleriň birnäçesiniň ýaşaýandygy anyklandy.
Geologlar we biologlar gül tohumlaryny guşlaryň getirendigini çaklaýarlar.Eýýäm guşlaryň birnäçe görnüşi adada mesgen tutunypdyr.Onuň golaýyndaky jülgede ýüzlerçe ýyldan bäri guşlar höwürtgeleýär.Meýdany 1×2 kilometre barabar bolan ada suwdan 100 metr töweregi belent.
Adanyň ortasynda köl hem bar.Täze ada at berilmegi maksat edinilýär.Ýuwaş ummanynyň günortasynda ýerleşýän Tonga1970-nji ýylda garaşsyzlygyny gazandy.Samoanyň, Fijiniň we Täze Zelandiýanyň goňşusy bolan bu ýurduň 100 müňden gowrak ilaty bar.