Täsin reňkli alma

Alma dünýäde iň köp sarp edilýän miweleriň biri hasaplanýar.Bu miwe adam saglygy üçin örän peýdalydyr. Şeýle hem bu miwe iň köp görnüşi bolan miweleriň biri hasaplanýar. Ýer ýüzünde gyzyl, ýaşyl we sary almalardan başga-da seýrek duş gelýän gara alma hem bardyr.

Gara alma Täze Zelandiýada botanikler tarapyndan döredilipdir.Miwäniň bu görnüşi 2010-njy ýylda Hytaýyň Tibet sebitinde hem oturdylýar.

Gara alma beýleki almalardan üýtgeşik reňki, süýji tagamy we düzümindäki witaminleri bilen tapawutlanýar. Onuň reňki aslynda goýy benewşe reňkli bolup gara öwüsýär. Miwäniň tekiz gabygy ýalpyldawuk bolýar. Şonuň üçin hem Gün şöhlesi düşende ýalpyldaýar, şol sebäpli oňa “Gara göwher” hem diýilýär.

Gara almanyň agajy Gün şöhlesini halaýar. Şonuň gara alma diňe güneşli ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýär. Hytaýda miwäniň bu görnüşi deňiz derejesinden 3500 metr belentlikde ekilip, synag edilip görüldi. Netijede, bu ýerde ýokary hasyl almak başartdy.

Bişen almalaryň ähli hasyly gara reňkli bolmaýar. Şol sebäpli alnan hasylyň 70 göterimi ýörite sowgatlyk gutularda sargyt esasynda müşderilere iberilýär. Her bir miwäniň agramy 250-300 gram aralygynda bolýar.

Oguljan HEMDEMOWA, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Bedew waspy
Türkmenistan bagtly çagalaryň ýurdy
Lebapdaky mekdepde Durnalar güni bellenildi
Ygalyň görnüşleri
“Time” žurnaly iň gowulary saýlady