Täsin Meteora

Ýer ýüzünde täsin binagärlik gurluşy bilen tapawutlanýan taryhy binalaryň birnäçesi bar. 1988-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Meteora hem şolardan biridir.Gresiýanyň Kalambaka şäheriniň demirgazyk-günbatarynda dik gaýalaryň üstünde ýerleşýän Meteora XIV asyrda gurlupdyr.

Mümkin däl ýaly görünýändigine garamazdan, entek döwrebap tehnikalaryň oýlanyp tapylmadyk mahaly bu desga dik gaýalaryň üstünde bina edilipdir.Göçme manyda howada asylan diýmegi aňladýan Meteora 20-den gowrak monastyr öýlerini öz içine alýar.

Bu sebit guşlaryň we gülleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini özünde jemleýän Nature 2000 ulgamynyň bir bölegidir.Kalambaka şäherinden çykyp Kastraki obasyna golaýlaşanyňda täsin bir tebigy gözelligiň şaýady bolýarsyň.

Afon daglarynyň üstündäki desgalar toplumynyň iň ulusy Playtlithos diýlip atlandyrylýar.Monastyr öýleriniň köpüsi ybadathanadan we ýatylýan otagdan ybarat.Olaryň käbirinde muzeýler hem bar.

Meteora syýahatçylyk pudagynda üns çekilýän ýerleriň biridir. Ýöne bu ýere çykmak kyn bolany sebäpli, gaýa dyrmaşýanlar ýa-da höwesjeň türgenler baryp bilýärler. Gresiýanyň iň täsin ýerleriniň biri bolan bu desga 600 metrden hem gowrak belentlikde ýerleşýär. Dik gaýalara dyrmaşyp Meteora barmak bilen tebigatyň täsin keşbini synlap bolýar.

Ýene degişli makalalar

Arheologlar ýaşy 12 müň ýyl bolan aw tüýdügini tapdylar
Alymlar uçýan robot-garga döretdiler
Alymlar howadan ýangyç öndürýän enjam döretdiler
Tueýts buzlugy öz ýerinden gozganar
Arktiki köller guraýar
Arktiki köller howanyň üýtgemeginden guraýarlar