
Aşgabadyň Ýalkymy söwda merkeziniň 3-nji gatynda ýerleşýän Täsin çagalar dünýäsi hemmeleri 28-nji awgustda Garri Potter eseriniň äheňinde taýýarlanylan şüweleňe gatnaşmaga çagyrýar.
Joan Roulingiň dünýä belli bu ertekisi esasynda guraljak şüweleň çagalar üçin ýatdan çykmajak sowgat bolar. Şüweleňi gurnaýjylar onuň körpeleriň hem-de olaryň ene-atalarynyň göwnünden turjakdygyny wada edýärler. Körpejäňizi jadyly ertekiler dünýäsine getiriň! Giriş deslapky sargyt boýunça amala aşyrylar. Başlanýan wagty: 28-nji awgust, 19:00-da Bir biletiň bahasy 100 manat.
Howlugyň, ýerler çäkli! Habarlaşmak hem-de ýerleri bronlamak üçin telefon belgileri: 90-78-15 / 90-78-45 Salgy: Aşgabat ş., Aşgabadyň Ýalkymy söwda merkeziniň 3-nji gaty.