Tälimçiler çalşylyp başlandy

Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda möwsümiň başlananyna entek köp wagt geçmedigem bolsa, eýýämden käbir toparlar tälimçilerini çalyşdy.Angliýanyň “Premier” ligasynda bu möwsüm tälimçi çalyşmak öňki döwürlerden irräk başlady. 11-nji sentýabrda ýeke ýeňiş gazanyp, hatda gol hem geçirip bilmedik “Kristal Palasda” Frank De Buruň ornuna Roý Hojson bellenipdi.

Golaýda 2015-nji ýylda taryhy çempionlyk gazanan “Lester Sitiniň” tälimçisi Kreýg Şekspir hem wezipesinden boşadyldy.Mälim bolşy ýaly, ol “Lesteri” çempion eden Klaudio Ranieriniň ornuna bellenipdi. Şekspiriň ýerine fransiýaly Klaud Poluň bellenmegine garaşylýar.

Transfer möwsüminde 150 million funt sterling pul harçlap, täze möwsüme uly umytlar bilen başlan “Ewertonyň” tälimçisi Ronald Kumana-da wezipesinde galmak başartmady.Liwerpul şäheriniň wekili onuň tälimçiliginde 9 oýunda diňe 2 gezek ýeňiş gazanyp, 18-nji orunda barýar. “Ewerton” soňky tapgyrda öz meýdançasynda “Arsenaldan” 52 hasabynda asgyn gelipdi.Ispaniýanyň “La Ligasynda-da” tälimçi çalyşmaklyk ýokary depginde dowam edýär. “Alawes” bilen başy başlanan tälimçi çalyşmagyň hataryna “Deportiwo” hem goşuldy.

Bu çempionatda eýýäm 4-nji tälimçi wezipesinden boşadylýar. “Alawesde” argentinaly Luis Zubeldianyň ornuna italiýaly Jianni De Biasi, “Wilýarrealda” Fran Eskribanyň deregine Hawier Kalleha, “Las Palmasda-da” öz islegi boýunça işini taşlan Manolo Markesiň ýerine Pako Aýestaran bellenildi. Şu hepdäniň başynda-da “Deportiwoda” Pepe Mel alnan şowsuz netijelerden soň, ornuny Kristobal Parralo bermeli boldy.Italiýanyň “A-Seriýasynda” hem 2 tälimçi wezipesinden boşadyldy.

Kaliaride Massimo Rastelliniň ornuna urugwaýly Diego Lopez bellendi. Şu hepdäniň başynda liganyň täze wekillerinden, häzire çenli ýeňiş gazanyp görmedik “Benewento” toparynyň ýolbaşçylary çempionatda galmagyň aladasyny edip başladylar. 9 oýunda diňe 2 gol geçiren toparda Marko Baroni wezipesinden boşadylyp, ornuna Roberto De Zerbi bellendi.Şeýle-de Fransiýanyň çempionatynda 10 oýunda 1 ýeňiş gazanan “Mets” topary hem Filippe Hinşbergeriň ýerine Žoze Pinoty wezipä belledi.

Ol “Ligue 1-de” wezipeden boşadylan ilkinji tälimçi boldy.

Ýene degişli makalalar

“Barselonanyň” 25-nji, “Seltigiň” 49-njy çempionlygy
“Real Madrid” 33 ýaşyndaky hüjümçini transfer etdi
TRANSFER TÄZELIKLERI