Täk ýaşly ýetginjekleriň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi

Täk ýaşly ýetginjekleriň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi

Aşgabatda täk ýaşly, has takygy, 7, 9, 11, 13, 15 we 17 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiligi garaşylan we garaşylmadyk netijelere baý boldy. Milli birinjilige küştçüleriň 400-den gowragy gatnaşdy.

Iň kiçi ýaş derejesindäki ýaryşlar paýtagtdan Çaryhekim Çaryýewiň we maryly küştçi Anna Çaryýewanyň ýeňşi bilen tamamlandy. Çaryhekim mümkin bolan 9 utugyň ählisini gazanyp, 100 göterimlik netije görkezen bolsa, Anna ýaryşy 8 utuk bilen jemledi.

Bu ýaş derejesinde oglanlaryň arasynda Guwanç Amanow (8 utuk) ikinji, Begli Annagylyjow (7 utuk) bolsa üçünji orny eýeledi. Anna Çaryýewany hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykaran gyzlaryň arasyndaky ýaryşda ikinji orna Mähri Berdiýewa (6,5 utuk), üçünji orna bolsa Merýem Rüstemowa (6 utuk) mynasyp boldy.

9 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Lebap welaýatyndan Maksat Awlýakulyýew mümkin bolan 9 utukdan 8-sini toplap, sport ýoluna ýene bir çempionlyk goşdy. Bu ýaryşda hormat münberiniň ikinji basgançagyna Mekan Aganyýazow (7,5 utuk), üçünji basgançagyna bolsa Halylmuhammet Çaryýew (7 utuk) çykdy.

Şu ýaş derejesinde gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda Lebap welaýatyndan Dünýä Ruslanowa taý tapylmady. Geçen ýyl hem çempion bolan zehinli gyz duşuşyklaryň ýekejesinde-de utuk ýitirmedi. Ikinji orny eýelän Bahar Rahmanowa bolsa çempiondan 2 utuk yza galdy. 9 ýaşa çenli gyzlaryň arasyndaky ýaryşda hormat münberiniň üçünji basgançagyna 6,5 utuk bilen Jumasoltan Muhammetberdiýewa çykdy.

Mary welaýatyndan gatnaşan Alyhan Batyrow 11 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda toplan 8,5 utugy bilen iň ýokary netijäni gazandy. Ol geçen ýyl hem bu ýaş derejesinde ýurdumyzyň çempiony bolmagy başarypdy. Bu ýaş derejesinde ikinji orny eýelän Didar Baltaýew çempiondan göni 1 utuk yza galdy. Üçünji orny bolsa 7 utuk toplap bilen Mahmut Meredow eýeledi.

Şu ýaş derejesinde gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda bolsa çempion üýtgedi. Geçen ýyl ikinji orny eýelän lebaply küştçi Aýýa Baýramowa bu gezek iň ýokarky basgança çykdy. Ol mümkin bolan 9 utukdan 8-sini gazanmagy başardy. Her haýsy 7 utukdan toplan Humaý Hüseýinowa bilen Zalina Iminowa bolsa ikinji we üçünji orunlary paýlaşdylar.

13 ýaşly oglanlaryň arasynda geçen ýyl bürünç medala mynasyp bolan paýtagtly Aly Ahmedow bu gezek 8,5 utuk toplap, hemmelerden üstün çykmagy başardy.Jemi 48 küştçiniň arasynda geçirilen ýaryşda Tahir Iminow bilen Rauf Ýusubow ikinji we üçünji orunlary paýlaşmaly boldular.

Geljegine uly ynam bildirilýän küştçüleriň ikisi hem 6,5 utuk toplady.Aslynda, şu ýaryşda jemi 5 türgen 6,5 utukdan toplamagy başardy. Ýöne Tahir we Rauf goşmaça görkezijileri bilen Emir Amanmuhammedowdan, Aşyrmuhammet Ataýewden hem-de Emir Berdiýewden öňe saýlanmagy başardylar.

Şu ýaş derejesindäki gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda Lebap welaýatyndan Nebahat Muradowa ýene-de ýalňyşsyz ýaryşyp, 9 utuk bilen hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy.Ol öz ýaş derejesinde kümüş medalyň eýesi Nurana Jumanyýazowadan 1, üçünji orny eýelän Mähri Alyşerowadan bolsa 3 utuk öňe saýlandy. Çekeleşikli geçen ýaryşda zehinli küştçi gyzlar Nurhan Babanazarowa bilen Irada Niýazowa hem 6 utuk toplady, ýöne Mähri käbir netijeleri boýunça olardan öňe saýlanyp, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagy başardy.

15 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda çempion üýtgemedi.Geçen ýylyň çempiony lebaply küştçi Gurbanmyrat Rüstemow 8,5 utuk toplap, bu ýyl hem birinji orny eýeledi.Begenç Öwezowyň 6,5 utuk bilen ikinji orny eýelän ýaryşynda üçünji orun üçin her biri 6 utuk toplan küştçüleriň dördüsi bäsleşdi.

Eminler Ziýaddin Bagtyýarowyň käbir görkezijileri boýunça beýleki bäsdeşlerinden rüstemdigini göz öňünde tutup, oňa üçünji orny mynasyp gördüler.

Şu ýaş derejesinde gyzlaryň arasyndaky ýaryş hakyky ýyldyzlaryň göreşine öwrüldi. Çünki bu topardaky 18 türgeniň arasynda Lebap welaýatyndan halkara ýaryşlaryň birnäçesiniň ýeňijisi, ýurdumyzyň bolsa häzirki çempiony Mähri Agamyradowa, kiçi ýaş derejelerinde birnäçe gezek çempion bolan Jahan Rejebowa ýaly tejribeli küştçüler bardy.

Bu gezek Mähri bilen Jahanyň bäsdeşligine aşgabatly Arzygül Muhamowa hem goşuldy.Gyzlaryň üçüsi hem mümkin bolan 9 utukdan 8-sini toplap bildiler.Ahyrky netijede, garşydaşlaryndan bir goşmaça utugy köp toplan paýtagtly küştçi çempionlygyny yglan etdi. Ýaryşda Jahan Rejebowa ikinji, ozalky çempion Mähri Agamyradowa bolsa üçünji orundan paýly boldy.

17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda häzirki çempionlaryň ikisi hem (Sanjar Gaýbullaýew, Leýla Şöhradowa ― ikisi hem Lebap welaýatyndan) bu gezek garaşylanyndan pes netije görkezdi. Olaryň ornuny bolsa Serdar Baýramow (7 utuk) bilen Gülmira Seýilhanowa (8 utuk) eýeledi. Bu ýaş derejesindäki täze çempionlar hem ýurdumyzyň gündogar sebitine wekilçilik edýär.

2022-nji ýylyň çempiony Sanjar Gaýbullaýew bu gezek 6 utuk bilen ikinji orna düşdi. Sanjar bilen deň utuk toplan Ulugbek Mätnazarow üçünji orna mynasyp görüldi. Gyzlaryň arasyndaky ýaryşda bolsa Leýla Şöhradowa çempion bilen deň utuk toplandygyna garamazdan, käbir görkezijiler boýunça ondan yza galdy. Üçünji orny 7 utukly Eneş Arazmedowa eýeledi.

Ýaryşyň umumy medal sanawynda Lebap welaýatynyň topary birinji orny eýeledi. Olaryň gazanan 20 medalynyň 7-si altyn medaldyr. 10 medalynyň 3-sini altyna öwürmegi başaran paýtagtly küştçüler ikinji, 6 medalynyň 2-si altyn bolan Mary welaýatynyň topary bolsa üçünji orny eýeledi.

Milli birinjiligiň ýeňijileri şu ýyl Tailandda ýetginjekleriň arasynda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeri gelende aýtsak, türkmenistanly ýaş küştçüler geçen ýyl halkara ýaryşlaryň 9-syna gatnaşyp, olardan Watanymyza 11 medal bilen dolanyp gelipdiler.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Görogly we A. Nyýazow köçeleriniň halkaly çatrygynda abatlaýyş işleri alnyp barylýar
02.07.2019 | Resmi habarlar
“Türkmen häkimiýetleri mugallymçylyk mertebämizi depeleýärler”
07.04.2018 | Aşgabatda nemes sazandalarynyň konserti geçirildi
Sport tansy boýunça 2017-2018- nji ýyllaryň möwsüminde esasy ýaryşlara gatnaşmaga hukuk berýän ikinji ýaryş geçirildi
Nuriddin Niýazow žipowis muşdaklaryny döredijilikde filosofiýa bilen tanyşdyrdy