Türkmenistan ýanwaryň aýagynda özüniň Kaspi boýunça edýän nebit eksportynyň marşrutyny üýtgetdi.Eger ozal nebit tankerler bilen Bakuwyň üstünden ugradylyp, onuň eksporty bilen azerbaýjan treýderi SOCAR meşgullanan bolsa, indi türkmen tarapy Şweýsariýanyň “Vitol” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy we olar türkmen nebitini Mahaçgalanyň üsti bilen geçirýär.
Nebit Dagystanyň üstünden ugradylyp başlanandan soň, mahaçgala portunyň baş direktory Murad Hidirow 2019-njy ýylda täze marşrut boýunça 1,5 million tonna töweregi türkmen nebitiniň geçirilmeginiň planlaşdyrylýandygyny aýtdy.
Emma, “Reuters” habar agentliginiň alty treýdere salgylanyp habar bermegine görä, türkmen nebitiniň eksporty soňky hepdelerde öň ýarty azaldy.Muňa “Vitol” we SOCAR kompaniýalarynyň arasyndaky konflikt sebäp boldy.
Neşiriň maglumatyna görä, “Vitol” Türkmenistana has amatly tarifleri teklip etdi, emma kompaniýanyň öz nebit daşajak tankerleri ýeterlik däl eken.
Hazar deňzinde kiçi we orta derejeli tankerleriň iň uly möçberine eýe bolan SOCAR bolsa, muňa jogap edip, olary “Vitol” kompaniýasyna bermekden boýun gaçyrdy.
“Her kimiň öz söwda bähbitlerini goramaga haky bar” diýip, azerbaýjan kompaniýasyndaky çeşmeleriň biri aýtdy.
Orsýetiň Energetika ministrliginiň maglumatlary ýanwarda Orsýete türkmen nebitiniň eksport edilmändigini görkezýär, fewralda bolsa, Noworossiýsk portunyň üstünden diňe 80 müň tonna nebit ibermek planlaşdyrylýar. Bakuwyň üstünden 200 müň tonna golaý nebit geçdi.
“Vitol” birnäçe tanker tapdy, emma olar jemläp alanyňda her aýda, Orsýetde derýalaryň buzy aýrylýança, diňe 120 müň tonna nebit iberip biljek. Şondan soň iberilýän nebitiň möçberiniň köpelmegi mümkin, emma bu aprelden bärde bolmaz.
“Vitol” goşmaça tankerleri gözläp, eýýäm könelen gämileri hem hakyna tutmaga mejbur boldy. Mysal üçin, şeýle tankerleriň biri Grigoriý Bugrom eýýäm 40 ýyl bäri ulanylýar. Ol 2011-nji ýylda batdy we suwdan çaykarylyp, bejerildi.
Hazar deňziniň üstünden eksport edilýän türkmen nebiti ENOC (BAE) we Eni (Italiýa) kompaniýalarynyň nebit platformalaryndan gazylyp alynýar. “Reutersiň” maglumatyna görä, eksport möçberiniň azalandygyna garamazdan, Eni nebit çykarmasyny azaltmady. Emma kompaniýanyň wekilleri Eni kompaniýasynyň eksport peselen wagtynda şol bir möçberdäki nebiti nädip öndürýändigi we türkmen nebitiniň kompaniýanyň nebit ammarlarynda toplanyp-toplanmaýandygy barada düşündiriş bermekden saklandy.
“Reutersiň” çeşmeleriniň habar bermeklerine görä, Türkmenistan öz ammarlaryny eýýäm doldurdy we nebit öndürmegi kemeltmek töwekgelliginiň öňüsyrasynda dur.