Täjirçilik maksatly suborbital uçuş

“Virgin Galactic” kompaniýasy kosmosyň serhedine ikinji täjirçilik uçuşyny amala aşyrdy.Jemi 6 adamdan ybarat ekipaž agramsyz gurşawda bolup, sag-aman Ýere dolanyp geldi. “VSS Unity” suborbital gämisine berkidilen “VMS Eve” uçary Nýu-Meksiko ştatyndaky kosmodromdan asmana göterildi.

Kompaniýanyň tehnologiýasyna görä, uçuşdan soňra “VSS Unity” gämisi göteriji uçardan bölünip aýrylyp, ýoluny özbaşdak dowam etdirdi.Ekipaž 188,5 kilometr belentlige çykansoň, birnäçe minut agramsyz gurşawda bolup, Ýere dolandy.

Ekipaž kompaniýanyň astronawt-instruktoryndan, iki sany uçarmandan, lotoreýadan kosmosa uçmak baýragyny gazanan Karib adalarynyň ýaşaýjysy Antigua Kişa Şahaff, onuň 18 ýaşly gyzy Anastasiýa Meýers, 80 ýaşly britan Jon Gudwin dagydan ybarat boldy. Şeýle hem olardan daşary “VMS Eve” uçarynyň iki sany uçarmany hem bar.

“Virgin Galactic” kompaniýasy birinji täjirçilik maksatly kosmosa uçuşyny iýun aýynda amala aşyrypdy. Kompaniýa ilkinji gezek suborbital uçuşy 2022-nji ýylyň iýul aýynda geçiripdi. Ekipažyň düzüminde kompaniýanyň eýesi, britaniýaly milliarder Riçard Brenson hem bardy. Şondan soň “Virgin Galactic” özüniň dünýäde ilkinji täjirçilik kosmos uçuşydygyny yglan edipdi.

Ýene degişli makalalar

Buker baýragynyň uzyn sanawy mälim edildi
Sues kanaly petiklenensoň, dünýä söwda dälizinden (koridoryndan) geçmek üçin onlarça gämi hatara düzüldi
63-nji Gremmi baýraklary gowşuryldy, Beýonse, Swift, Billie Eilish öňe saýlandy
Iň gymmat sanly sungat eseri
“Visa” kompaniýasy startaplar üçin global maksatnamasyna badalga berýär
Artistler ýylyň iň gowy aktýor we aktrisalaryny saýlaýar