Täjigistanyň ýük ulaglary Türkmenistanyň serhedinden geçmek üçin rugsada garaşýarlar

Täjigistanyň ýük ulaglary Türkmenistanyň serhedinden geçmek üçin rugsada garaşýarlar

Täjigistana barýan we Türkmenistanyň serhedinden geçip bilmän galýan ýük ulaglaryň eýeleri we sürüjileri henizem meseläniň çözülmegine garaşýarlar. Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ulag eýeleri eýran-türkmen serhediniň Sarahsdaky geçelgede 100-den gowrak ýük ulagyň galýandygyny 15-nji fewralda habar berdiler.

Täjigistana ýük alyp barýan ulaglaryň bir bölegi iki ýurduň sethetleriniň arasyndaky neýtral giňişlikde, beýlekileri serhediň eýran tarapynda galýarlar.

Täjigsatnyň “Global Plus” transport şirketiniň eýesi Parwiz Şaripowyň 15-nji fewralda AzatlykRadiosyna aýtmagyna görä, häzirki wagtda şirketiň bäş ýük ulagy serhetde galýar.

“Olar iki hepde bäri 3-nji fewraldan şol ýerde galýarlar. Olar üçin serhet geçelgesini ýapdylar. Serhetçiler sebäbini düşündirmeýärler” diýip Şaripow aýtdy.

Onuň sözlerine görä, şirketiň eýeçiligindäki ulaglaryň sürüjileri günüň ikinji ýarymynda ýene serhetçilere ýüzlenip, geçmäge rugsat soradylar, olara entek rugsadyň ýokdugyny aýdypdyrlar.

Türkmenistanyň serhedinden geçip bilmän galýan ýük ulaglaryň sürüjileriniň sözlerine görä, esasan Täjigistana ýük alyp barýan transport serhetden goýberilmeýär.

“Täjigistanyň belgilerine eýe bolan trasporty, şeýle-de Täjigistana ýük alyp barýan gazak we türk belgili transporty geçirmeýärler. Garaz, Täjigistana barýan ýükleri geçirmeýärler. Men sürüjilerden sorasam, Özbegistana we Gazagystana barýan ulaglar geçip dur. Problema diňe täjik ulaglaryna degişli bolmaly” diýip, Täjigistanyň “Global Plus” transport şirketiniň eýesi Parwiz Şaripow aýtdy.

14-nji fewralda Täjigistanyň gümrük gullugynyň ýolbaşçysy Hurşed Karimzoda täjik ýüklerini Türkmenistanyň giňişliginden geçirmek barada türkmen tarapy bilen diplomatik derejede gepleşik alnyp barylýandygyny žurnalistlere aýtdy.

Mundan öň Täjigistanyň 108 sany demirýol wagonynyň hem Türkmenistanyň giňişliginden geçip bilmän galýandygy Azatlyk Radiosyna mälim boldy.

12-nji fewralda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna elýeterli bolan dokumente görä, wagonlar Türkmenbaşy, Sarahs, Mary, Tallymerjen, Amyderýa, Kelif stansiýalarynda ýerleşýär. Olar dürli harytlar, şol sanda pagta ýagy, ýag-ýangyç serişdeleri, mermer, we alýuminý önümçiligi üçin zerur koks.

Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin dörän ýagdaý barada Azatlyk Radiosynyň sowalyna beren jogabynda, Täjigistanyň we Türkmenistanyň strategiki partnýorlyk barada ylalaşyk baglaşandygyny aýdyp, olaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga päsgelçilik döretmeli däldigini belledi.

"Biz şu çaka çenli Türkmenistandan onuň Täjigistana barýan ýük ulaglary öz territoriýasyndan geçirmeýändiginiň sebäplerine düşündiriş alyp bilmedik”, diýip täjik resmisi aýtdy.

Täjigistan we Türkmenistan strategiki partnýorlyk baradaky özara ylalaşygyny 2018-nji ýylyň noýabr aýynda täjik ýük ulaglarynyň bir aýa golaý wagtlap türkmen serhedinde saklanmagyndan soň tassyklapdy.

Täjigistanyň ýük ulaglarynyň Türkmenistanyň üstünden geçmeginde çekýän kynçylyklary geçen tomsuň aýagynda başlandy.

2-nji sentýabrda Täjigistanyň ýük ulaglarynyň sürüjileri özleriniň bir hepdeden köp wagt bäri türkmen-eýran serhedinden geçip bilmän durandygyny habar berdiler. Şonda eýran-türkmen serhedinde Täjigistana barýan ýüzlerçe ýük ulagy jemlenipdi. Türkmenistanyň gümrügi şonda-da tranzit gadagançylygynyň sebäplerini düşündirmändi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan iň arzan benzinli ýurtlaryň sanawynda 7-nji orny eýeledi, Tölegde AŞTU-nyň hyzmatlaryny tölemek mümkinçiligi döredildi, Nazir Habibowyň täze albomy we beýleki habarlar
Türki Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk giňeldilýär
ÝB-niň we MA ýurtlarynyň DIM-niň wekilleri Owganystandaky ýagdaýlary hem ýokanjyň netijelerini maslahatlaşdylar
Tahti Sangin gadymy şäher harabaçylygynyň 2500 ýyllygy we Abu Reýhan Biruniniň 1050 ýyllygy ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girizildi