Täjigistanyň we Hytaýyň liderleri ählitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada beýannama kabul etdiler

Täjigistanyň we Hytaýyň liderleri ählitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada beýannama kabul etdiler

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Duşenbe şäherinde ikiçäk we giňişleýin düzümde geçen gepleşikleriň jemleri boýunça ählitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada Bilelikdäki beýannama kabul etdiler. Bu barada TASS habar berdi.

HHR-iň lideri Duşenbä Prezident Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça döwlet sapary bilen bardy.

HHR-iň Başlygy Täjigistanyň Prezidentini öz ýurdunyň döwlet sylagy Dostluk ordeni bilen sylaglady diýip, MIR 24 habar berýär. Sylag gowşurylyş dabarasy iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gepleşikleriniň geçen ýeri bolan Millet Köşgünde boldy.

Si Szinpiniň Täjigistana sapary şu gün 6-njy iýulda tamamlanar.

Ýene degişli makalalar

Si Szinpiniň Täjigistana döwlet sapary meýilleşdirilýär
Rahmon Täjigistanyň dolandyryjy partiýasynyň ýolbaşçylygyna gaýtadan saýlandy
The Economist neşiriniň MA boýunça demokratiýa reýtingi: Türkmenistan ýene yzda, Özbegistan ýokarlandy, Gyrgyzystan Gazagystandan öňe geçdi
Merkezi Aziýanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalalaryň gyzlary 'ýumşak diplomatiýa' ymtylýarmy?
Kakalarynyň gyzlary, ýa-da Merkezi Aziýada prezident gyzlarynyň öňe çykmagy
Şols, Ukraina Taurus ganatly raketalaryny ibermezlik kararyna ygrarly galýandygyny beýan etdi