Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri Aşgabada geldiler

Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri Aşgabada geldiler

Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri Emomali Rahmon hem-de Sadyr Žaparow türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada sapar bilen geldiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Bu möhüm wakanyň hormatyna Aşgabadyň Halkara howa menzili dostlukly ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezeldi. Resmi adamlar döwlet Baştutanlaryny mähirli garşyladylar.

Saparyň dowamynda geçirilmegi göz öňünde tutulan gepleşiklerde ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri we özara gyzyklanma döredýän dürli ulgamlarda hyzmataşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Ozal habar berlişi ýaly, Russiýanyň, Ermenistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň Prezidentleri we Tatarystanyň Baştutany Türkmenistana sapar bilen geldiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtly kärdeşleriniň birnäçesini Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medal bilen sylaglady
Magtymguly Pyragy döwürleriň şahyry
Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri sylaglanar
Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň Jemleýji resminamasy BMG-niň resminamasy hökmünde çap edildi
Gurbanguly Berdimuhamedow halkara foruma gatnaşandyklary üçin dünýä Liderlerine minnetdarlyk bildirdi
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary