Rustam Emomali Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň ogly we Duşenbäniň häkimi dünýäniň 17 şäheriniň häkimlerini Nowruz baýramçylygyny bellemäge çagyrdy diýip, “Eurasia Daily” saýty habar berýär.
Lusakiniň (Zambiýa), Sananyň (Ýemen), Monastiranyň (Tunis), Lahoryň (Pakistan), Klagenfurtanyň (Awstriýa), Boulderanyň (ABŞ), Roýtlingenyň (Germaniýa), Mazari-Şarifiň (Owganystan), Tähranyň (Eýran), Şirazyň (Eýran), Sankt-Peterburgyň (Orsýet), Minskiniň (Belarus), Urumçiniň (Hytaý), Ankaranyň (Türkiýe), Sýameniň (Hytaý), Aşgabadyň (Türkmenistan) we Çindaonyň (Hytaý) häkimleri çaklylyk aldylar. Mundan başga, Rustam Emomali Moskwanyň we Daşkendiň adminstrasiýalaryna hem çakylyk iberdi.
Sanalan adminstrasiýa ýolbaşçylarynyň ýolbaşçylarynyň haýsy kriteriýalar esasynda saýlanyp alnandygy anyklaşdyrylmaýar.
Köpçülikleýin baýramçylyk dördünji gün, 21-nji martda Duşenbäniň merkezi meýdançasynda geçiriler.
Aşgabadyň häkimi Şamuhammet Durdylyýew (suratda) çakylygy kabul etdimi ýa etmedi, habar berilmeýär.
Ýatladýarys, şol gün bütin Türkmenistan boýunça köpçülikleýin baýramçylyklar we bag ekmek ýowarlary geçirilýär.