Täjigistanyň Prezidenti Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi

Täjigistanyň Prezidenti Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistana döwlet saparynyň çäginde Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna baryp gördi.

Rahmon Türkmenbaşy şäherine kärdeşi Gurbanguly Berdimuhammedow bilen ugrady.

Deňiz porty bilen tanyşlygynyň çäginde täjik lideri Täjigistanyň harytlaryny we önümlerini daşamakda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada portuň ýolbaşçylary bilen söhbet etdi.

Bu merkezi beýleki ýurtlaryň bazarlaryna çykmak üçin ulanmagyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Taraplar deňiz portundan Täjigistanyň dürli harytlaryny import we eksport etmek meselesine garadylar.

Şunuň bilen baglylykda, Emomali Rahmon Ulag ministrligine, Senagat we täze tehnologiýalar ministrligine we Täjik demir ýollaryna bu portdan netijeli peýdalanmak baradaky tekliplerini işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet saparynyň ahyrynda, 6-njy awgustda Emomali Rahmon Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Awazada geçiriljek resmi däl sammitine gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

Kakalarynyň gyzlary, ýa-da Merkezi Aziýada prezident gyzlarynyň öňe çykmagy
Aşgabatda Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumy öz işine başlady
Täjigistanda telewideniýe gününi bellediler
Türkmen keşdeçilik sungaty-milli mirasymyz atly bäsleşigiň Köneürgenç etrap tapgyry geçirildi
GDA-na agza ýurtlaryň Liderleri çagyryş berdiler
Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen mejlisine gatnaşdy
Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Aşgabada geldi