Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Aşgabada geldi

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Aşgabatda geçirilýän halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Belent mertebeli myhmany Aşgabadyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew we beýleki resmi adamlar garşylady.

Täjigistanyň Prezidenti ýurdumyza saparynyň çäklerinde beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara foruma gatnaşar.

Bu foruma köp sanly döwletiň Baştutanlary, şeýle hem halkara guramalaryň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, GDA-nyň we beýleki guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly Pyragy döwürleriň şahyry
Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri Aşgabada geldiler
Türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi
Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri sylaglanar
Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň Jemleýji resminamasy BMG-niň resminamasy hökmünde çap edildi
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtly kärdeşleriniň birnäçesini Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medal bilen sylaglady