Täjigistanyň Prezidenti Azerbaýjana döwlet saparyny amala aşyrdy

Täjigistanyň Prezidenti Azerbaýjana döwlet saparyny amala aşyrdy

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy diýip, МИР 24 habar berdi.

Ikiçäk we giňişleýin düzümde geçen gepleşikleriň netijeleri boýunça söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlarda ylalaşyklar gazanyldy. Döwlet Baştutanlary senagat, energetika we oba hojalygy pudaklarynda özara hyzmatdaşlygyň geljegine garadylar.

Taraplar şeýle-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesinden kanagatlanma bildirdiler. Ýeri gelende aýtsak, iki ýurduň arasynda Ykdysady gatnaşyklar boýunça 2025-nji ýyla çenli Hökümetara maksatnama hereket edýär.

Täjigistan we Azerbaýjan howa, ulag we aragatnaşyk, ýük daşamalary hem-de Baku şäheriniň deňiz portundan peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Emomali Rahmon kenarýaka ýurtlary suwy ýerlikli ulanmaga çagyrdy
Rahmon Täjigistanyň dolandyryjy partiýasynyň ýolbaşçylygyna gaýtadan saýlandy
Täjigistanyň we Hytaýyň liderleri ählitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada beýannama kabul etdiler
Emomali Rahmon watandaşlaryny gadymy Tirgon baýramy bilen gutlady
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutladylar
Rahmon: Täjigistan çalt ösýän ýurt diýlip ykrar edildi