Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda Arkadag şäherine baryp gördi. TDH-nyň habar berşi ýaly, bu ýerde Täjigistanyň Hökümetiniň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow bilen duşuşdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, täze şäher türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan hem-de häzirki wagtda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň anyk netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri doganlyk Türkmenistanda häzirki zaman şäher gurşawyny döretmek boýunça baý tejribäniň toplanandygyny aýtdy.
Munuň özi “akylly” şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda özara tejribe alyşmak hem-de netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Soňra Täjigistanyň Hökümetiniň Başlygy üçin Arkadag şäheri boýunça tanyşlyk gezelenji guraldy.
Premýer-ministr Kohir Rasulzoda Arkadag şäheri bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, bu ýere gelip görmegiň özünde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny aýtdy.
Şeýle hem belent mertebeli myhman Aşgabatdaky “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumyna bardy hem-de dürli ýurtlaryň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri ýerleşdirilen seýilgähi synlady. Şol şahsyýetleriň hatarynda täjik şahyry Saýido Nasafi hem mynasyp orun eýeleýär.