Täjigistanyň M.Wahidow adyndaky döwlet ýaşlar teatry Aşgabatda geçirilýän halkara festiwalda çykyş etdi

Täjigistanyň M.Wahidow adyndaky döwlet ýaşlar teatry Aşgabatda geçirilýän halkara festiwalda çykyş etdi

Şu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda ýurdumyzda geçirilýän Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty atly IV halkara festiwala gatnaşmaga gelen Täjigistanyň M.Wahidow adyndaky döwlet ýaşlar drama teatrynyň döredijilik toparynyň halkara festiwala getiren Watandan alysda geçen gije atly sahna eseriniň görkezilişi geçirildi.

Bu spektakl sahnany goýan režissýoryň Watan, ene toprak, ata-babalaryň topragyna bolan beýik söýgi, özüňi gurban etmeklik baradaky hyýallary bolup, olar zehinli şahyr Bozor Sobiriň döredijiligi esasynda tomaşaça hödürlenýär. Özüňi aňmak, ata-babalaryňa we döwürdeşleriňe bolan buýsanç ýaly temalara bagyşlanan goşgularyň owadanlygy we many-mazmuny, şeýle hem dürli durmuş meselelerini gozgaýan goşgular bolup, olarda adamyň ýagdaýy, onuň durmuşa we dünýä bolan garaýşy açylyp görkezilýär.

Bularyň hemmesi her bir okyjyny özüne çekýär hem-de ony şol meseleler barada oýlanmaga mejbur edýär.Bu sahnada gürrüň ykbalyň emri bilen ýurdundan alyslara düşen adamyň ykbaly barada barýar.

Muňa garamazdan ol özüniň terk eden Watany, dogan-garyndaşlary barada pikir edýär hem-de Watan we ene toprak baradaky oý-pikirler ondan bir salym hem daşlaşmaýar…

Watandan alysda geçen gije atly sahna eseri ilkinji gezek 2015-nji ýylyň 25-nji aprelinde täjik halkyna görkezilýär. Onuň režissýory Nozim Melikow. Režissýor bu spektakly ýurdundan jyda düşen täjik şahyry Bozor Sobiriň goşgularynyň äheňinde goýupdyr.

Oýnuň baş gahrymany Abdumumin Şarifi Demirgazyk Osetiýada geçen milli teatrlaryň Serhetsiz sahna atly VIII Halkara festiwalynda Iň gowy erkek adamyň keşbi atly baýraga eýe bolupdy.

Täjigistanyň M.Wahidow adyndaky döwlet ýaşlar drama teatry barada belläp geçsek, teatr 1971-nji ýylda esaslandyryldy.Teatryň sahnasynda milli hem-de daşary ýurt pýesalary esasynda dürli görnüşdäki oýunlar sahnalaşdyryldy.

Teatr birnäçe gezek halkara teatr festiwallaryna gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp boldy. Şolaryň käbiri barada bellesek, onda teatryň döredijilik topary Eýranda we Gazagystanda geçirilen halkara teatr festiwallarynyň Gran-pri baýragyna mynasyp bolýar.

Ýene degişli makalalar

Täjigistanyň döwlet ýaşlar teatry halkara festiwalda Watandan uzakdaky gije atly sahna eseri bilen çykyş eder
Baş akademiki drama teatrynda Watandan alysda geçen gije atly sahna eseriniň görkezilişi boldy
Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwalda türkmen filmi birinji orny eýeledi, Türkmenistanyň raýatlary üçin Russiýa Federasiýasynda mugt bilim almak boýunça arzalary kabul etmegiň möhleti uzaldyldy we beýleki habarlar
Türkmenistanda Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwal barada dokumental film taýýarlanylýar
Arkadag şäherinde Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwaly geçirildi
Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwalyň açylyş dabarasy boldy