Täjigistanyň 108 sany ýük wagony türkmen serhedinden geçip bilmän galýar

Täjigistanyň 108 sany ýük wagony türkmen serhedinden geçip bilmän galýar

12-nji fewralda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna elýeterli bolan dokumente görä, Türkmenistanyň demirýol stansiýalarynda Täjigistanyň 108 sany ýük wagony geçip bilmän galypdyr. Bu san 8-nji fewrala degişli.

Dokumente görä, wagonlar Türkmenbaşy, Sarahs, Mary, Tallymerjen, Amyderýa, Kelif stansiýalarynda ýerleşýär. Olar dürli harytlar, şol sanda pagta ýagy, ýag-ýangyç serişdeleri, mermer, we alýuminý önümçiligi üçin zerur koks. Bu serişde 108 wagondan 29 sanysynda ýerleşýär.

108 wagon 8-nji fewrala degişli san bolup, ol gün günden artýar.

Täjigistanyň Demir ýol baş edarasynda bu maglumaty Azatlyk Radiosyna tassyklap, türkmen tarapynyň öz hereketlerine hiç hili düşündiriş bermändigini aýtdylar.

Täjigistanyň Demir ýol edarasynyň Orsýetdäki ýolagçy gatnaw bölüminiň wekili Jamşed Nurow ýolagçylaryň demir ýol gatnawynyň ozalky tertipde amala aşyrylýandygyny aýtdy.

Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin dörän ýagdaý barada Azatlyk Radiosynyň beren sowalyna jogap berip, Täjigistanyň we Türkmenistanyň strategiki partnýorlyk barada ylalaşyk baglaşandygyny aýdyp, olaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga päsgelçilik döretmeli däldigini belledi.

"Biz şu çaka çenli Türkmenistandan onuň Täjigistana barýan ýük ulaglary öz territoriýasyndan geçirmeýändiginiň sebäplerine düşündiriş alyp bilmedik. Ýogsa biz öz kärdeşlerimize dürli derejelerde ýüzlendik. Şeýle problemalar dost-dogan ýurtlaryň arasynda döremeli däl. 2017-nji ýylyň noýabr aýyda iki ýurduň prezidentleri strategiki partnýorlyk barada ylalaşyga gol çekdiler we oňa görä, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga hiç hili päsgelçilik döretmeli däl. Ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça beýleki ikitaraplaýyn dokumentler hem bar, olar päsgelçilik döretmegi däl-de, eýsem, özara kömegi we goldawy göz öňünde tutýar" diýip, Täjigistanyň daşary işler ministri aýtdy.

​Mundan birnäçe gün ozal 4-nji fewraldan başlap türkmen häkimiýetleri Täjigistana barýan ýa-da gelýän ýük ulaglary öz territoriýasyndan geçirmegini bes etdi.

Täjigistanyň ýük ulaglarynyň Türkmenistanyň üstünden geçmeginde çekýän kynçylyklary geçen tomsuň aýagynda başlandy. 2-nji sentýabrda Täjigistanyň ýük ulaglarynyň sürüjileri özleriniň bir hepdeden köp wagt bäri türkmen-eýran serhedinden geçip bilmän durandygyny habar berdiler. Şonda eýran-türkmen serhedinde Täjigistana barýan ýüzlerçe ýük ulagy jemlendi. Türkmenistanyň gümrügi tranzit gadagançylygyny düşündirmedi.

Täjigistanyň Transport ministrligi çykalga hökmünde ulag sürüjilere Täjigistana aşmak üçin alternatiw ýollary ulanmagy maslahat berdi. Sürüjilere Eýranyň we Azerbaýjanyň serhetleriniň üstünden, soň Orsýetiň, Gazagystanyň we Özbegistanyň üstünden alternatiw ýollar bilen Täjigistana aşmak teklip edildi.

6-njy sentýabrda Täjigistanyň demirýol edarasyndaky çeşme Täjigistana barýan 150 çemesi demirýol wagonynyň Türkmenistanyň serhedini kesip geçendigini Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna habar berdi. Onuň sözlerine görä, türkmen tarapynyň beren düşündirişinde transportyň tranzitinde dörän problemalaryň ýurduň içerki kynçylyklary bilen bagly bolmagy mälim edilipdir.

Sentýabryň ortalarynda Aşgabat Täjigistana barýan ýük ulaglaryň türkmen serhedinde howpsuzlyk sebäpli saklanýandygyny mälim etdi. Şeýle düşündiriş türkmen tarapynyň Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň adyna ýollan hatynda berildi. Aşgabat täjik ýük ulaglarynyň türkmen giňişliginden geçmegine diňe bir aýdan soň rugsat beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-täjik DIM-ara syýasy geňeşmeler geçirildi
Serdar Berdimuhamedow 10-11-nji aprelde Täjigistanda saparda bolar
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Duşanbede Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Täjigistana barar
Türkmenistan iň arzan benzinli ýurtlaryň sanawynda 7-nji orny eýeledi, Tölegde AŞTU-nyň hyzmatlaryny tölemek mümkinçiligi döredildi, Nazir Habibowyň täze albomy we beýleki habarlar
Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana saparynyň meýilnamasy maslahatlaşylýar
Kim bitarap, kim Russiýanyň tarapynda? Ýyl dowamynda Ukrainadaky uruş barada, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň pozisiýasy nähili üýtgedi?