Täjigistandaky halkara kinofestiwalda türkmen filmi görkezilýär

Täjigistandaky halkara kinofestiwalda türkmen filmi görkezilýär

Şu günler Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Toji Somon halkara kinofestiwal geçirilýär. Täjigistanyň Kino gününe bagyşlanan halkara festiwala Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň döredijilik topary hem gatnaşýar. Bu festiwala gatnaşýan myhmanlara Gyzyl kürte çeper filmi görkezilýär.

Täjigistanda ilkinji gezek geçirilýän halkara kinofestiwala Türkmenistandan, Eýrandan, Belarusdan, Wengriýadan, Özbegistandan, Pakistandan, Gazagystandan, Russiýadan, Ermenistandan, Hindistandan we Hytaýdna filmleriniň 25-den gowragy gatnaşdyrylýar.

Sahysalyh Baýramowyň režissýorlygynda surata düşürilen Gyzyl kürte çeper filmi hem bu festiwalda täjik kino muşdaklaryna görkezildi. Şeýle hem bu film halkara kinofestiwalyň çäklerindäki bäsleşige hödürlendi.

Gyzyl kürte filmi dünýäniň birnäçe künjeginde Medeniýet günlerinde, film festiwallarynda görkezilip, Ýer ýüzüniň kino muşdaklarynyň söýgüsine mynasyp boldy.

Film Merkezi Aziýanyň Kinematografiýa sungat akademiýasy bolan Ak Ilbirs, Merkezi Aziýanyň iň gowy filmi baýragyna dalaşgärlige hödürlendi. 2022-nji ýylda Gorkut ata türk dünýäsiniň halkara kinofestiwalynda görkezildi.

Täjigistandaky kinofestiwalda iň gowy çeper film üçin Gran-Pri baýragy goýuldy. Şeýle hem Iň gowy režissýor, Iň gowy operator, Iň gowy erkek keşp, Iň gowy zenan keşp, Iň gowy gysga metražly çeper film, eminleriň ýörite baýragy, kino muşdaklarynyň baýragy, Kinematografiýanyň ösüşine goşan goşandy üçin Duşanbe şäheriniň Başlygynyň ýörite baýragy ýaly baýraklar hem gowşurylar.

Ýene degişli makalalar

Täjigistandaky halkara kinofestiwalda türkmen filmi görkezilýär
Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni giňden bellenildi, Maryda türkmen-eýran sergisi açyldy, Ýylyň parlak ýyldyzy 2023 atly aýdymçylaryň arasyndaky bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar kesgitlendi we beýleki habarlar
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Iňlisçe sözleri harplap aýtmak bäsleşigi geçirildi
TÜRKMEN SURATKEŞI LEONARDO DA WINÇINIŇ PYNHAN ŞEKILLERINIŇ SYRYNY ÖWRENÝÄR
Türkmenistanyň wekilleri Duşanbe şäherinde geçiriljek Halkara gurjak teatrlary festiwalyna gatnaşarlar