
Daşoguz şäheriniň ýaşaýjylary Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri tarapyndan soraga çekilýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň we ýerli çeşmeleriniň beren maglumatlaryna görä, soraga çekilenleriň aglabasy Özbegistanda hem-de Täjigistanda bilim alyp gelen ýaşlar.
Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli bölüminiň işgärleri tarapyndan sorag edilen adamlaryň arasynda soňky bäş ýylyň dowamynda Özbegistanda hem-de Täjigistanda orta hünär mekdeplerinde ýa-da ýokary okuw jaýlarynda bilim alan daşoguzlylar diýip, welaýatyň güýç edaralaryndaky birnäçe çeşme aýtdy.
"Soraga çekilýänler ýaş erkekler bolup, güýç gulluklary olaryň dini garaýyşlary we olar bilen baglylykda amal edýän dini-ykdykatlaryny hem-de Siriýada bolup geçen döwlet agdarylyşygyna bolan garaýyşlary barada gyzyklanýarlar" diýip, çeşmeleriň biri belledi.
Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan daşoguzly çeşmeleriň sözlerine görä, dinçi ýaşlary gözlemek işi Remezan aýynyň başlanmagyndan bäri güýçlenipdir.
Daşoguzlylaryň sözlerine görä, soraga edişlige çekilýän ýaşlar sakgally bolsa, sakgaly zor bilen syrdyrylýar.
“Oraza aýynyň başlanmagy bilen, komitetçikler’ sakal ösdürýän hem-de goňşy Özbegistanda we Täjigistanda bilim alan ýaşlary soraga çekip başladylar. Soragy ýerli polisiýa edarasynda MHM işgäri geçirýär we mejbury ýagdaýda kabinetiň içinde raýatlaryň sakgalyny syrdyrýar” diýip, daşoguzly ýaşaýjy gürrüň berdi.
MHM işgärleriniň soraga çekilen raýatlary gorkuzmakdan, ýowuz çemeleşmekden we hatda rehimsizlikden çekinmeýändigini çeşmeler gürrüň berdiler.
“Daşkentiň uniwersitetinde bilim alan bir oglan, kabinetden aglap çykdy. Sorag eden her gezek jenaýat kodeksiniň kitaby bilen ýüzüne urupdyr. Sakalyny syrdyranda hem diňe suwy ulanmak bilen syrdyrypdyrlar. Sakgal syrmak üçin ýörite köpürjigiň ýa-da sabynyň ulanylmanlygy sebäpli, ýüzüniň derisi kesikden ýaňa, ganap durdy” diýip, soraga çekilen daşoguzly gürrüň berýär.
MHM-niň geçirýän sorag edişliklerinden habarly çeşmeler, ýaşlaryň soraga çekilmegi Oraza aýynyň başlanmagy bilen baglanyşykly diýýärler.
Çeşmeleriň biri Özbegistanda we Täjigistanda bilim alanlara esasy ünsüň berilmeginiň sebäplerini Azatlyga şeýle düşündirdi: “MHM bölüminiň pikirine görä, Oraza aýynda radikal yslamçylar terroristik aktlary edip bilýärler. Siriýada oppozisiýa häkimiýete gelmegi bilen, täze hökümetiň ýokary wezipelerinde täjigistanly we özbegistanly jeňçileriň’ bolmagy, howpsuzlyk gullugyny howatyrlandyrýana meňzeýär".
Siriýada 2024-nji ýylyň dekabrynda gozgalaňçy toparlar hökümeti agdaryp, Başar al-Asadyň maşgalasynyň ýarym asyrlyk ýurt dolandyryşynyň soňuna çykdy. Şonda soň ýurtdaky howpsuzlyk ýagdaýa halkara derejesinde aladalanmalar artýar, sünni däl ilat zorluklara sezewar edilýär.
Türkmenistan dünýädäki syýasy wakalara, şol sanda döwlet agdarylyşyklaryna adatça resmi pozisiýasyny bildirmeýär, emma köplenç öz raýatlaryna basyş görkezmek arkaly reaksiýa bildirýär. Dinçiler türkmen häkimiýetleriniň gysyşyny ilkini bolup duýýar.
Şu günler Daşoguzda soraga çekilen raýatlara okan dini edebiýaty we olaryň Siriýa gidip, gitmändigi barada hem sowal berilýär.
"Gurhandan başga Al-Buhari, Al-Muslim ýalylaryň 'hadys' kitaplary barmy? Arap dilini bilýärmisiň? Özbegistanda okan döwrüňde, dini guramalar bilen arabaglanyşyk sakladyňmy? Öň Siriýa gidip gördüňmi? Daşary ýurtlarda öz işini alyp barýan oppozisiýa toparlaryndan kimleri tanaýarsyň?' diýilen soraglary berýärler" diýip, ýene bir çeşme gürrüň berdi.
Daşogzuň güýç edaralaryndaky çeşmeleriň aýtmagyna görä, ýaşlary soraga çekmek kampaniýasy Oraza aýy tamamlanýança dowam eder.
“Bu bir adaty ýagdaý, Oraza aýynda hemişe adamlar soraga çekilýär” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme gürrüň berdi.
Başga bir çeşme sorag edilen tanyşyna salgylanyp, onuň zor bilen arak içmäge we doňuz etini iýmäge mejbur edilendigini gürrüň berdi.
"Maňa doňuz etinden salany iýdirdiler we 200 millilitrlik stakana arak salyp berdiler. Şony içenimden soň, meni goýberdiler. Aragy içenimden soň: 'Al fatiha süresini oka, Alla özi seniň günäleriňi geçer' diýip, üstümden güldüler” diýip, daşoguzly ýaşaýjy soraga çekilen tanyşyny sitirledi.
Türkmenistanyň howpsuzlyk güýçleri dinçi raýatlara basyş görkezmek usullaryny öňden bäri ulanyp gelýärler. Musulman raýatlara sakgalyny syrdyrmak, doňuz etini iýdirmek we arak içirmek bilen bagly ýagdaýlar barada Azatlygyň habarçylary soňky ýyllarda ençeme gezek habar beripdi.
Emma Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklary raýatlara basyş görkezmek üçin Gurhanda kasam etdirmek ýaly usullary hem ulanýarlar. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, şeýle ýagdaýlar, hususan-da, sosial ulgamlaryň ulanyjylaryny internetdäki işjeňlikden el çekdirmek üçin ulanylypdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.