Duşenbede soňky bir hepdäniň dowamynda ençeme türkmen raýaty polisiýa tarapyndan saklandy. Ýagdaýdan gönüden-göni habarly Täjigistandaky çeşmeleriň maglumatlaryna görä, Duşenbede ýaşaýan türkmen raýatlarynyň birnäçesiniň pasportlary ellerinden alnypdyr.
Çeşmeleriň habaryna görä, ýerli kanun goraýjylar soňky bir hepdä golaý wagtyň dowamynda Duşenbede saklanan türkmen raýatlarynyň ençemesiniň pasportlaryny düşündiriş bermezden ellerinden alypdyr.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşmeleriň biri öz görenlerini şeýle gürrüň berdi: "Iň soňkuda jemi 40 golaý türkmen raýaty saklandy we olaryň pasportlary ellerinden alyndy soňky bir hepdä golaý wagtyň içinde.
Olaryň arasynda iki aýlyk syýahatçylyk wizasy bilen gelenler bar, iki aýlyk wiza bilen gelip, bir ýyllyk wizasyny alanlar hem bar.Olarda hem student wizasy, hem-de iş wizasy bar".
Çeşmeleriň aýtmagyna görä, türkmen raýatlarynyň köpçülikleýin saklanmagy bilen bagly ýagdaý ýaňy-ýakynda Duşenbe şäheriniň barlarynyň birinde dörän dawadan soň ýüze çykydyr. Şonda tussag edilenleriň dokumentleri barlanyp, käbirleriň Täjigistanda galp rugsatnamalary esasynda ýaşaýandygy anyklanypdyr.
Täjigistanda ýaşaýan türkmen migrantlaryň biri türkmen raýatlarynyň pasportlarynyň yzyna berilmän, polisiýa tarapyndan saklanyp galmagy olaryň ýaşaýyş rugsatnamalarynyň galpdygy bilen bagly bolmagy ähtimal diýýär.
"Şu wagt Täjigistanyň MHM-si, sebäbini düşündirmezden, [türkmen] raýatlarynyň pasportlaryny alyp, [bermän] saklaýar. Munuň sebäbi, ozalam aýdyşym ýaly, käbir [türkmen] oglanlaryň resminamalarynyň galp bolmagy bilen bagly" diýip, Merdan (ady üýtgedildi-red.) aýdýar.
Azatlyk Radiosy bu ýagdaý barada Täjigistanyň kanun goraýjylaryndan resmi maglumat alyp bilmedi.
Emma Azatlyk Radiosyna täjik polisiýasynyň 5-nji noýabrda ýazylan protokoly elýeterli boldy. Dokumentde 8 türkmen raýatynyň pasportynyň ellerinden alnandygy aýdylýar. Protokolda 21 we 31 ýaş aralygyndaky türkmen raýatlarynyň atlary görkezilýär, emma olaryň saklanmagynyň sebäpleri görkezilmeýär.
Täjigistanyň resmileri we Duşenbedäki türkmen ilçihanasy köpçülikleýin tussag edilmelere degişli ýagdaýdan özleriniň habarsyzdygyny Azatlyk Radiosyna aýtdylar.
Täjigistanyň Içeri işler ministrligi: "Biziň bu wakadan habarymyz ýok, biz bu iş bilen meşgullanmaýarys" diýip, berlen soraga jogap berdi.
Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasynyň özüni tanyşdyrmadyk işgäri: "Täjigistanyň çäginde bize ýüz tutan türkmenistanly migrant ýok. Türkmenistanyň raýatlary bize ýüz tutan halatynda, biz olara ähli hukuk kömegini hödürleýäris" diýip, Azatlygyň Migrant Media proýektine jogap berdi.
Emma Täjigistandaky türkmen raýatlary Duşenbedäki türkmen ilçihanasynyň migrantlary Türkmenistana gaýtarmak boýunça iş alyp barýandygyny öňe sürýärler.
"Türkmenistanyň ilçihanasy, öz raýatlaryna kömek etmegiň ýerine, 4 sany awtobus getirip, nirede türkmen bar bolsa toplap, polisiýa işgärleri ellerindäki pasportlary alyp, ilki öz [Täjigistanyň] milli howpsuzlygynyň elinden geçirip, soň olary ilçihana berýärler we şu wagt [türkmen migrantlary] Türkmenistana deportasiýa ediliýär" diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gürlän türkmenistanly aýdýar.
Ýene bir çemäniň sözlerine görä, onlarça türkmen raýatyna Täjigistandan Türkmenistana alnyp gidilmek howpy abanýar.
"Meniň bilşime görä, 32 ýa-da 34 sany türkmenistanlynyň pasporty Täjigistanyň milli howpsuzlyk işgärleriniň elinde. Ilçihana olaryň Türkmenistana alnyp gidilmegi üçin ulag taýýarlady" diýip çeşme aýtdy.
Azatlyk Radiosy Täjigistandaky türkmen raýatlarynyň polisiýa tarapyndan saklanmagyna we dokumentleriniň ellerinden alynmagyna degişli ýagdaýa syn etmegini dowam etdirýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.