Täjigistanyň hökümeti 2019-njy ýylyň býujeti işlenip düzülende ýurtda infrastruktura desgalaryny gurýan daşary ýurt kompaniýalaryna salgyt ýeňilliklerini döretmegi teklip etdi. Bu barada “Asia-Plus” saýty habar berýär.
Goşmaça salgytdan, awtomobil ýollarynyň ulanylandygy üçin salgytdan we girdeji salgydyndan Hytaýyň TBEA (Täjigistanyň altyn känlerini özleşdirýär) we Sinohaýdro (GES-i döwrebaplaşdyrýar, awtomobil ýollaryny bejerýär) kompaniaýlary mekdep gurluşygy üçin azat edildi.
630 orunlyk umumy bilim berýän mekdebi we saglygy saklaýyş toplumyny gurýan özbek kompaniýalaryna hem şeýle ýeňillikler berilýär.
“Türkmensitanyň Täjigistandaky ilçihanasy hem, Dusti etrabynyň Ergaş Sultonow hojalygynda 540 orunly umumy biluim berýän mekdebiň jaýyny gurýabndygy sebäpli, ýeňillik alar” diýip, habar neşiri habar berýär.
Ýatladýarys, Türkmenistanyň Gurluşyk wse binagärlik ministrliginiň mekdebiň gurluşygy boýunça halkara tenderi 2018-nji ýylyň iýunynda yglan edildi. Gurluşygyň haçan tamamlanjakdygy görkezilmeýär.