Täjigistan elektrik ulaglarynyň önümçiligine işjeň taýýarlyk görýär, ýurtda munuň üçin zerur bolan ähli gorlar: suw, energiýa, litiý bar. Bu awtoulag önümçiligini girdejili edip biler. Ýurduň Senagat we täze tehnologiýalar ministrligi bu ugurda üç hytaý kompaniýasy bilen tehnologiýalary almak babatda gepleşikleri yglan etdi.
Ady agzalan ministrligiň ýolbaşçysy Şerali Kabir bu başlangyjyň ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de howanyň hilini gowulandyrmaga ýardam berjekdigini gürrüň berdi.
Täjigistanda elektrik ulaglarynyň önümçiligi taslamasy Duşenbe şäherinde elektrik ulaglaryna geçmek boýunça giň göwrümli maksatnamanyň bir bölegi bolup durýar. 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, şäheriň ähli awtoparkyny elektrik ulaglaryna geçirmek göz öňünde tutulýar.
Bu taslamanyň çäklerinde, Rustom Emomaliniň Hytaýa sapary wagtynda Täjigistanda bilelikde elektrik ulaglarynyň önümçiligini ýola goýmak barada ylalaşyk gazanyldy. Awesto Grupp täjik we Jinçuen hytaý kompaniýalary düşünişmek boýunça beýannama gol çekdiler, onda ýylda 1500 elektrik ulaglaryny öndürmek meýilleşdirilýär.
Bu barada Awesta habarlar neşirine salgylanýan Daryo.uz ýazýar.