Täjigistan 2023-nji ýylda bir müňden gowrak elektrik awtoulagyny satyn aldy

Täjigistan 2023-nji ýylda bir müňden gowrak elektrik awtoulagyny satyn aldy

Duşenbe şäheriniň ýaşaýjylary elektrik awtoulagyny barha köp satyn alýarlar, bu ýyl Respublika olaryň bir müňden köpüsini import etdi. Ýurtda elektrik ulaglaryny ösdürmek maksatnamasy kabul edildi diýip, MIR 24 ýazýar.

Taksi sürüjiler ilkinji bolup elektrik awtoulaglarynyň bähbitlidigine düşündiler, indi paýtagtyň taksi parkynda elektrik ulaglaryň paýy 20 göterimden hem geçdi.

Ýangyjyň bahasy ýylsaýyn gymmatlaýar. Öň diňe benzine işläpdirin, indi hezil, irden ulaga güýç berýärin, agşama çenli arkaýyn ýetýär. Öň benzine sarp eden pulum indi maşgalama siňýär diýip, taksi sürüjisi Nabi Rajabow gürrüň berýär.

Şäherde elektrik ulaglaryna güýç berýän beketlere-de zerurlyk artýar, olar heniz ýetenok. Munuň çözgüdi üçin hytaýly önüm öndürijiler bilen geleşik baglaşyldy.

Täjigistanlylaryň elektrik ulaglara geçmeginiň ýene bir sebäbi ekologiýa barada aladadyr. Maksatnama laýyklykda, 2027-nji ýyla çenli elektrik ulaglarynyň paýy 30 göterime ýetmeli.

Her aý bäş ulag satýarys. Häzir hemme ulaglarymyzy satdyk, täzeleriniň gelmegine garaşýarys. Meşhur hytaýly awtoulag öndürijilerinden sargyt edýäris diýip, elektrik ulaglarynyň satuwy bilen meşgullanýan kompaniýanyň işgäri Muhammadali Nuralizoda gürrüň berýär.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalalaryň gyzlary 'ýumşak diplomatiýa' ymtylýarmy?
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
30 ýyldan soň. Merkezi Aziýanyň garaşsyz döwletleriniň garaşlylygy
Agyr atletikaçy Kristina Şermetowa 55 kg çenli agramda Tokio Olimpiýa oýunlarynda güýçlileriň altylygynda
Tokio ― 2020: agyr atletikaçy Kristina Şermetowa ýaryşy altynjy orunda tamamlady
Tokio ― 2020: Kristina Şermetowa ştangany silterläp götermekde 90 kilogram agyrlygy eýgerdi