Tähranda Hamasyň lideri Ismail Heniýýe öldürildi

Tähranda Hamasyň lideri Ismail Heniýýe öldürildi

Eýranyň Döwlet telewideniýesiniň Ynkylap goragçylary goşunynyň beýanatyna esaslanyp beren habaryna görä, Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýe, Tähranda galýan ýerinde guralan terrorçylykly hüjümiň netijesinde ýogaldy.

Hüjümde Ismail Heniýýeniň bir goragçysynyň hem ýogalandygy mälim edildi.

Hamas Syýasy býuronyň başlygy Ismail Heniýýeniň Eýranyň paýtagty Tähran şäherinde galýan myhmanhanasynda Ysraýylyň goşunynyň guran howa hüjüminde öldürilendigini habar berdi.

Hamas tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Heniýýeniň Eýranyň täze prezidenti Mesud Pezeşkiýanyň kasam ediş dabarasyna gatnaşmak maksady bilen Tährana barandygy aýan edildi.

Ismail Heniýýeniň Ysraýylyň goşunynyň dabaradan soň Tähranda galýan ýerine guralan howa hüjüminde ýogalandygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Hizbullahyň Baş Sekretary Ysraýyla Hüjüm Gurajakdygyny Beýan Etdi
Hamasyň Syýasy Lideri Soňky Ýoluna Ugradyldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Palestinanyň prezidenti Türkiyä sapar gurar
Hakan Fidan Ismail Heniýeniň ýogalmagy sebäpli Hamasyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Ysraýyl howa giňişligini ýapdy