“Täç hil” öz önümlerini “Central Asia Beauty Expo” sergisinde hödürledi

“Täç hil” öz önümlerini “Central Asia Beauty Expo” sergisinde hödürledi

Türkmenistanyň “Täç hil” hususy kärhanasy şu ýylyň 30-njy maýyndan 1-nji iýuny aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen “Central Asia Beauty Expo” atly VI halkara sergisine gatnaşdy. Bu barada kompaniýanyň wekilleri “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdiler.

Almaty şäherinde geçirilen bu halkara sergide ideg kosmetikasy, atyr, tebigy we organiki kosmetika önümleri, hojalyk himiýa serişdeleri, şahsy gigiýena önümleri we köp sanly harytlar görkezildi. Bu sergä GDA agza ýurtlardan, Hytaýdan, Polşadan, Italiýadan, Günorta Koreýadan, Wýetnamdan, Hindistandan, Şweýsariýadan, Ispaniýadan köp sanly kärhanalar gatnaşdy.

2006-njy ýylda esaslandyrylan “Täç hil” hususy kärhanasy häzirki wagtda polietilen torbalaryň dürli görnüşleriniň (senagat ugurly önümleri gaplamak üçin, oba-hojalyk harytlary, iýmit we azyk önümlerini gaplamak üçin), zir-zibil salmak üçin hoşboý ysly hem-de ýüpli we ýüpsiz torbalaryň, çygly süpürgiçleriň, gap-gaç ýuwujy serişdeleriň, suwuk sabynlaryň, atyr ysly köpürjikli sabynlaryň, gel we suwuk görnüşli antibakterial serişdeleriň, ýakymly ys berijileriň, aýna ýuwujy serişdeleriň, atyrlaryň we suwuk egin-eşik ýuwujy serişdeleriň önümçiligini alyp barýar.

Kompaniýa öz önümlerini Gazagystana, Gyrgyz Respublikasyna, Täjigistana, Azerbaýjana we Russiýa eksport edýär.

“Central Asia Beauty Expo” VI halkara sergi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gazagystanyň bazarynda täze we bar bolan kosmetika we kosmetologiýa brendlerini öňe sürmekde möhüm waka boldy. Bu sergi Gazagystanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gözellik pudagynda iň uly çäre bolup, ol 50 milliondan gowrak adamdan ybarat bolan sebitdäki telekeçileri özüne çekýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen žurnalistleri gadymy Efes şäheriniň medeni mirasyny öwrenýärler
Türkmen žurnalistleri Türkiýäniň Izmir sebitiniň medeni baýlygyny öwrenýärler
Maýa goýumlary we hyzmatdaşlyk: Gazagystan türkmen telekeçilerini iş saparyna çagyrýar
Türkmenistanyň DIM-i: Howanyň üýtgemeginiň meseleleri biziň öňümizde täze wezipeleri goýýar
Türkmenistanyň Energetika ministrligi we GIZ “ýaşyl” wodoroddan peýdalanmagyň mümkinçiligini öwrenerler
“Belli Asman” aragatnaşyk we işewürlik üçin amatly goşundysyny tanyşdyrdy