“Szýansu Suningiň” ilkinji çempionlygy

“Szýansu Suningiň” ilkinji çempionlygy

Hytaýyň futbol çempionaty “Super Ligada” çempion belli boldy. 2 oýun esasynda geçirilen finalyň jogap duşuşygynda geçen möwsümiň çempiony “Guangžou Ewergrandy” öz meýdançasynda 2-1 ýeňen “Szýansu Suning” çempion bolmagy başardy.

Golsuz geçen 1-nji oýnuň jogap duşuşygynda Nankin şäheriniň toparynyň ýeňiş gollaryny 45-nji we 47-nji minutlarda braziliýaly Eder bilen Aleks Teişeira derwezä girizdi.Wei Şihaonyň 60-njy minutdaky goly “Guangžou Ewergranda” ýeňiş üçin ýeterlik bolmady. Şunlukda, “Szýansu Suning” taryhynda ilkinji gezek Hytaý “Super ligasynyň” çempionlygyny gazandy. 2004-nji ýylda esaslandyrylan Hytaý “Super Ligasynda” soňky 10 ýylda “Guangžou Ewergrand” 8 gezek çempion bolupdy.

Topar 2018-nji ýylda çempionlygy “Şanhaý SIPG” toparyna aldyrypdy.

Ýene degişli makalalar

AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2021-iň bije çekilişigi üçin sebetler düzüldi
“Şanhaý SIPG” ýarym finalyň bosagasynda
“Şanhaý SIPG”-iň ilkinji çempionlygy
Çärýek finalyň birinji oýunlary
Hawi hem-de Kannawaronyň toparlary ýaryşy dowam edýär
“Al-Ittihad” bir ädim öňde