Szinpin: BRIKS duşuşygy ösýän ýurtlaryň arasynda raýdaşlygy berkider

Szinpin: BRIKS duşuşygy ösýän ýurtlaryň arasynda raýdaşlygy berkider

Günorta Afrika Respublikasynyň paýtagty Ýohannesburgda geçýän halkara BRIKS guramasynyň agza ýurtlarynyň liderleriniň duşuşygy bileleşigiň taryhynda wajyp döwür bolar we ýurtlaryň arasynda raýdaşlygy berkitmäge mümkinçilik berer diýip, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin aýtdy. Bu barada MIR 24 ýazýar.

Szinpin düýn Ýohannesburg şäherinde geçýän BRIKS guramasynyň XV sammitine gatnaşmak üçin geldi.

Hytaýyň Lideri guramanyň ählumumy ykdysady ösüşe ýardam berýändigini nygtady.

Öň Hindistanyň Hökümet başlygy Narendra Modi sammitiň Ählumumy Günortanyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança boljakdygyna umyt bildirdi.

BRIKS guramasynyň dowam edýän duşuşygyna Hytaýyň, Hindistanyň, Braziliýanyň we GAR-yň döwlet Baştutanlary gatnaşýarlar. Russiýa ýurduň daşary işler ministri Sergeý Lawrow wekilçilik edýär. RF-niň Prezidenti Wladimir Putin sammitiň işine wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

“Modi, Russiýa-Ukraina Söweşiniň Bes Edilmeginde Esasy Rol Oýnap Biler"
Modi: "Taňry meni bir maksat bilen inderdi" diýdi
Hindistanda ýerli Premýer-ministre meňzeş adamlar tapyldy
Hindistanyň Hökümet başlygy iş başyndan gitdi
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň we Hindistanyň ýolbaşçylaryny gutlady
Gurbanguly Berdimuhamedow Bir guşak, bir ýol forumyna gatnaşdy, Türkmenistanyň we Tatarystanyň hünärmenleri medeni mirasy gorap saklamak we ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we beýleki habarlar
2-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti