
Düýn Hytaýyň Başlygy Si Szinpin ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen ýokary derejeli gepleşikleri geçirmek we Aziýa-Ýuwaş ummany ykdysady hyzmatdaşlygy forumyna gatnaşmak üçin San-Fransiskonyň halkara howa menzilinde gondy diýip, News.ru habar berdi.
Munuň özi Szinpiniň alty ýylda ABŞ ilkinji resmi saparydyr diýip, Reuters ýazýar.
Hytaýyň Liderini Kaliforniýanyň gubernatory Gewin Nýus we ABŞ-nyň maliýe ministri Janet Ýellen garşyladylar.