Syýasy tussag Gulgeldi Annanyýazowyň sürgün möhleti gutardy

Syýasy tussag Gulgeldi Annanyýazowyň sürgün möhleti gutardy

Meşhur syýasy tussag Gulgeldi Annanyýazowyň sürgün möhleti şu ýylyň 12-nji martynda gutardy we onuň Bekdaşdan Aşgabat şäherine gaýdyp gelmegine rugsat berildi diýip, adam hukuklaryny goraýan Türkmen Helsinki gaznasy habar berýär.

G.Annanyýazow 1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda Saparmyrat Nyýazowyň hökümetine garşy guralan Aşgabat ýörişinden soň azatlykdan mahrum edilen onlarça protestçiniň arasynda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.

Ol soň halkara gurmalarynyň basyşlary esasynda azatlyga çykyp, 2002-nji ýylyň dekabrynda, Birleşen Şatatlaryň ýardamy bilen Norwegiýa, gaçybatalga alan ýurduna bardy.

Ýöne Annanyýazow 2008-nji ýylda Türkmenistana dolanyp, serhetden bikanun geçendigi üçin 11 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Türkmen Helsinki gaznasy onuň 2009-2015-nji ýyllarda “Owadandepe” türmesinde, soň 4 ýyl Tejen türmesiniň ýeke adamlyk kamerasynda daşarky dünýäden doly üzňelikde saklanandygyny habar berýär.

2019-njy ýylyň mart aýynda, türme möhleti gutaranyndan soň, Annanyýazow uzakdaky Bekdaş şäherine (Hazar deňziniň kenarynda) bäş ýyl sürgüne iberildi.

Maglumat üçin aýdylsa, 1995-nji ýylyň 12-nji iýul protestiniň guramaçylarynyň biri Çarymyrat Gurow tussaglykda, gümürtik ýagdaýda aradan çykdy, Aždar lakamy bilen tanalýan Hudaýberdi Amandurdyýew bolsa, azatlyga çykanyndan soň, 2008-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda häkimiýet güýçleri bilen bolan ganly atyşykda öldürildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan günä geçiş yglan etdi. Halkara jemgyýetçiliginiň boşatmagy soran tussaglarynyň ykbaly mälim edilmedi
ABŞ-nyň bäş senatory tussaglykdaky dissident Gulgeldi Annanyýazowyň boşadylmagyna çagyrýar
HRW türkmen dissidentiniň çekýän jebir-süteminiň bes edilmegine çagyrýar
12-nji iýulçy Annanyýazowyň 11 ýyl türme tussaglygynyň uzaldylandygy habar berilýär
12-nji iýulçy Annanyýazowyň 11 ýyl türme tussaglygynyň uzaldylandygy habar berilýär
Aşgabat nähak ýanalan ýuristiň kanuny hukuklaryny dikeltmeýär