Syýasy doňakçylyk, repressiýa ýadawlygy we “pyntyklaýan pikirler”

Syýasy doňakçylyk, repressiýa ýadawlygy we “pyntyklaýan pikirler”

“Megerem, geçen çärýek asyryň dowamynda ilkinji gezek ilat arasynda, sosial mediada köpçülikleýin görnüşde ýurtdaky we dünýädäki diňe bir ykdysady, medeni, tebigy problemalar däl, eýsem, syýasy meseleler hem tas açyk, ýarym aç-açan görnüşde ara alnyp maslahatlaşylyp, gürrüňdeşlikde diskussiýalar arkaly dile getirilip başlandy” diýip, türkmenistanly synçy aýdýar.

Erkin sözi, erkin pikiri, azat metbugaty basgylamakda ýyllarboýy tankyt edilýän Türkmenistanda, özleriniň özge pikirlerini erkin beýan etmäge çalyşýan adamlaryň agyzlary ýumdurylýan, sem edilýän ýurdunda açyk pikir alyşmalaryň alamatlaryny görkezýän meýilleriň ýüze çykmagy ýerli synçylarda ýene bir gezek ýurtda dowam edýän syýasy doňakçylygyň eremek ähtimallygy bilen bagly käbir pikirleri döredýär.

Ýöne aç-açan pikiriň ugrukdyryjysy, hereketlendirijisi, ýerli synçynyň ynanjyna görä, repressiýa ýadawlygyndan, zulum ýadawlygyndan uç alýar.

“Internede, erkin pikire garşy edilýän basyşlar, iş ýüzünde, diňe internet aktiwligine we erkin pikir alyşmalaryň ösmegine getirýär” diýip, ýerli synçy aýdýar.

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany Türkmenistanda onlarça ýyl bäri dowam edýän “üzňelik syýasatynyň” getiren oňaýsyz netijelerini, şeýle-de soňky wagtlarda ilat arasynda örňeýän erkin pikir alyşma meýilleriniň özboluşly aýratynlyklaryny üns merkezine çekýär.

Ýöne, geliň, ilkibaşda, bu söhbete Türkmenistandan gowşan degişli bir habar bilen bat bereliň! Azatlyk Radiosynyň habarçylary 6-njy iýunda häkimiýetleriň - MHM, kazyýet we polisiýa işgärleriniň - Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde medeniýet işgärleri we ýaş raýatlar bilen ýygnaklary geçirip, ýurtda bolup geçýän tebigy we ýol hadysalaryny Internetde paýlaşmazlygy ündediler.

Mälim bolşy ýaly, türkmen häkimiýetleri häli-şindi raýatlar bilen şeýle duşuşyklary geçirip, olara Internet ulgamyndaky maglumat serişdelerinden ägä bolmagy, onlaýn ulgamlarda Türkmenistan barada diňe owadan wideolary we suratlary paýlaşmagy, oňaýsyz maglumatlary “syzdyrmazlygy” maslahat berýärler.

Bu sapar hem şeýle boldy: häkimiýetler 3-nji iýunda Türkmenbaşyda 3 sany aýrybaşga ýygnak geçirip, däp bolan çagyryşlaryny, öwüt-ündewlerini we maslahatlaryny gaýtalady.

'Açyk pikir'

Türkmenistanda syýasy we jemgyýetçilik proseslerini yzarlaýan ýerli synçylar soňky wagtlarda ilat arasynda ozal “tabu” hasaplanan, ýa-da “gadagan edilen” temalarda erkin pikir alyşmalaryň janlanýandygyny aýdýarlar. Şeýle çekişmeleri seljeren bir türkmenistanly synçy onlaýn we oflaýn giňişlikde orta atylýan pikirleriň geriminiň giňeýändigini, ozal agza alynmagyndan çekinilip gezilen köp sanly problemalaryň, şol sanda syýasy, ykdysady, sosial meseleleriň açyk ara alnyp maslahatlaşylyp başlanandygyny, galyberse-de bu problemalar babatynda hökümet edaralaryna hem arz-şikaýatlar bilen, çekinmän ýüz tutulyp başlanandygyny aýdýar.

Bu ýagdaý bolsa, synçylara görä, birinjiden, adamlarda aýdara pikiriň bardygyny, ikinjiden, pikiriň beýan edilmegine ýardam berýän gurallaryň we mümkinçilikleriň bardygyny, ýöne, megerem, has möhümi, pikirleri beýan etmäge adamlaryň bardygyny görkezýär.

Açyk pikir alyşmalara durmuşyň dürli gatlaklaryndan bolan dürli ýaşlardaky adamlar gatnaşýar.

“Sosial meseleler babatynda hem, megerem, garaşsyzlygyň taryhynda ilkinji gezek tas aç-açan we ýarym açyk görnüşde ýurt içindäki we ýurt daşyndaky raýatlaryň sesleri we pikir alyşmalary eşidilip başlandy.

Zenanlaryň hak-hukuklary hakynda hem talyp gyzlaryň, döwlet we hususy işlerde zähmet çekýän aýal-gyzlaryň arasynda soňky aýlarda göz-görtele öz haklaryny öwrenmek, hak-hukuklaryny bilmek we talap etmek hakyndaky diskussiýalar uçganaklap başlady.

Hatda mekdep okuwçylarynyň we mugallymlaryň arasynda hem ýurtdaky ykdysady, syýasy we sosial meseleler barada pikir alyşmalar döräp başlady.Milli we dini azlyklar meselesinde hem soňky aýlarda sosial torlarda, ilat arasynda dürli pikir alyşmalar, öz hakyny goramaga we talap etmäge ýugrulan pikirler has işjeň orta atylyp başlandy” diýip, ýerli synçy aýdýar.

Şeýlelikde, durmuşyň dürli gatlaklaryndan jemgyýetiň agzalary zenanlar, ýaşlar, býujet işgärleri, şol sanda mugallymlar, talyplar, hatda mekdep okuwçylary, dini we milli azlyklaryň wekilleri işjeň pikir alyşmalara gatnaşýarlar. Elbetde, ýurduň çäginde petik astynda galýan sosial torlar pikir alyşmalary aňsatlaşdyrýar.

Üstesine, bu çäreler kimdir biriniň görkezmesi, maslahaty, haýsydyr bir guramanyň gatyşygy, ýa-da höweslendirmeleri bilen däl-de, öz-özünden, özakymlaýyn bolup geçýär we tebigy häsiýetde ýüze çykýar.

Döwlet edaralaryndaky anonim çeşmeler soňky wagtlarda raýatlaryň öz haklaryny talap etmek meýilleriniň hem ýygjamlaşýandygyny aýdýarlar.

Meselem, demir ýol edarasynyň merkezi dolandyryş edarasyndaky bir anonim emeldaryň sözlerine görä, soňky aýlarda raýatlar otlularyň ýetmezligi, täze gatnawlaryň açylmagy ýaly meseleler boýunça köpçülikleýin görnüşde ýüz tutup başlapdyrlar.

Migrasiýa we prokuratura edaralaryndaky çeşmeler hem soňky wagtlarda welaýatlardan Aşgabada gelip, merkezi aparatlara kollektiwleýin görnüşde arz edip, öz haklaryny talap edýän raýatlaryň sanynyň köpelendigini aýdýarlar.

“Bulardan başga-da, ýurduň dürli sebitlerinde garyplykdan we ykdysady problemalardan ejir çekýän oba we etrap ýaşaýjylarynyň häkimliklere köpçülikleýin ýüz tutmagy bilen bagly wakalar hem soňky ýylda has-da ýygjamlaşdy” diýip, ýerli synçy aýdýar.

Sosial torlardaky açyk çekişmelerde birnäçe daşary ýurt döwletleri bilen wiza düzgünleriniň ýatyrylmagy, daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlara biometriki pasportlaryň berilmeginiň aňsatlaşdyrylmagy, halkara ýolagçy otlularynyň, uçar we awtobus gatnawlarynyň açylmagy bilen bagly pikirler we teklipler orta atylýar.

“Şeýle pikirler MHM-niň il arasynda ýapyklyk gowy, goňşy döwletler bize görüplik edýärler’ diýen ýaly äheňde ýaýradýan propaganda taglymatlaryndan has ýörgünli bolup başlady” diýip, Azatlygyň gürrüňdeşi aýdýar.

Ýerli synçy açyk pikirleriň, talaplaryň we teklipleriň beýan edilip başlanmagyna ýurtda ýyllarboýy dowam eden repressiýa bilen bagly ýüze çykan ýadawlygyň, zulum ýadawlygynyň sebäp bolýandygyny aýdýar.

Onuň ynanjyna görä, häkimiýetleriň ilatyň syýasy we sosial işjeňligini basyp ýatyrmak, raýatlaryň söz, pikir, metbugat we hereket azatlygyny çäklendirmek, adamlary sem etmek we repressiýa sezewar etmek syýasaty ýurtda üzňelik syýasatyny we syýasy doňakçylygy emele getirdi. Häzirki wagtda bolsa, raýatlar onlarça ýyl bäri dowam edýän syýasy doňakçylykdan, ýurduň üzňeliginden ýadady. Bu ýadawlyk raýatlary öz seslerini eşitdirmäge iterýär.

Bu ýadawlyk, ýerli synçynyň ynanjyna görä, kem-kemden gorkudan üstün çykýar. Galyberse-de, Azatlygyň söhbetdeşleri ilat arasynda “repressiýalaryň myhynyň hyrynyň indi belli bir derejede gaýdyşyp” başlandygy babatynda käbir pikirleriň ýüze çykyp başlandygyny aýdýarlar.

“Meseleleri boýun almak yşaratlary türkmen režiminiň dymmaklyk çemeleşmesiniň mundan beýläk-de dowam etmeginiň zyýanlydygyndan we jemgyýet üçin gereksizliginden habar berýär. Dogurdan-da, adamlar azda-kände bolsa-da, dymmaklykdan gürlemegiň üstünligini, ýapyklykdan açyklygyň wajypdygyny, repressiýalardan gorkmaklykdan şol repressiýalardan ýadawlygyň üstün çykyp başlandygyny dile getirip başladylar” diýip, synçy aýdýar.

Halkara hasabatlar Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna ýyllarboýy pes baha berýär. Raýatlaryň söz, pikir, beýan, metbugat, maglumat, din-wyždan, hereket we ýygnanyşmak azatlygy ýaly esasy azatlyklary ençeme ýyllardan bäri basyş astynda galýar.

Ýöne bu basyşlar ýadawlyga ýol açýar. Ýurduň halkara abraýy, hususan-da, demokratik ýurtlarda diňe adam hukuklarynyň ýagdaýy bilen kesgitlenýär.

Bir tarapdan, häkimiýetler ilat arasynda Internetden ätiýaçly peýdalanmagy ündäp, bu ýagdaýa parallel, hususan-da sosial torlarda ýarym açyk pikir alyşmalar ýygjamlaşýan mahaly, türkmen resmileriniň adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalarynyň wekilleri bilen geçirýän duşuşyklary ýurtda “syýasy doňakçylygyň” eremek ähtimallygy bilen bagly çaklamalary alawlandyrýar.

Ýatlasak, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew 28-nji maýda Human Rights Watch guramasynyň Ženewadaky edarasynyň müdiri Hilary Power bilen duşuşyk geçirdi. Megerem, bu duşuşyk türkmen resmileriniň soňky ençeme ýylyň dowamynda adam hukuklaryny goraýjy möhüm halkara guramasy bilen geçiren ilkinji duşuşygy boldy.

Hajiýew Ženewada Human Rights Watch guramasynyň wekilleri bilen duşuşýan mahaly, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Aşgabatda BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen duşuşdy.

Elbetde, bu duşuşyklaryň öňünden meýilleşdirilen adaty duşuşyklar bolan bolmagy hem mümkin. Halkara guramalary türkmen resmileri bilen geçiren soňky duşuşyklary barada beýanat bermedi.

Galyberse-de, bu duşuşyklaryň Türkmenistanda dowam edýän syýasy doňakçylyk, repressiýa ýadawlygy, örňeýän açyk pikir alyşmalar bilen gönümel galtaşygy düýbünden ýok bolmagy hem mümkin.

Ýöne Türkmenistanda syýasy doňakçylygyň eremek ähtimallygy, repressiýa ýadawlygy ýaly alamatlar ýüze çykyp, bu ýagdaýa parallel, ynsan hukuklaryny basgylamakda tankytlanýan häkimiýetler adam hukuklaryny goraýjy möhüm guramalar bilen dialoga girişýän mahaly, aňlarda Türkmenistan däp bolan üzňelikden, ýa-da doňakçylykdan el çekýärmi diýen sorag biygtyýar peýda bolýar.

Azatlyk Radiosyna ýazmaça maglumat iberen ýerli synçy, Türkmenistanda erkin sözüň jylawynyň gowşadylmak ähtimallygy boýunça ýüze çykýan soňky meýillere ýurduň ýakyn taryhynda bolup geçýän “möhüm öwrüm” pursaty ýaly çemeleşýär.

Synçylara görä, ýurtda onlarça ýyl dowam eden repressiýa, üzňelik we syýasy doňakçylyk ýadawlykdan başga netije-de berip bilmezdi.

'25 ýyllyk doňakçylyk'

Türkmenistanly synçy ýurtda hökmürowan bolan diýdimzorlygyň, doňakçylygyň we üzňeligiň ömrüni 25 ýyl hökmünde kesgitleýär. Onuň ynanjyna görä, türkmen häkimiýetleri, ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň baştutanlygynda üzňeligi syýasy ýol hökmünde saýlap aldylar we bu ýoly çärýek asyryň dowamynda tutanýerlilik bilen dowam etdirdiler.

Synçynyň pikirine görä, Türkmenistanyň 1995-nji ýylda gazanan Bitaraplyk statusy onuň dünýäden üzňeleşmegini çaltlandyrdy.

Garaşsyzlygyň irki ýyllaryndaky syýasy özgerişlere şaýat bolan intelligensiýa wekili ýurduň Bitarap yglan edilen gününi düýpli üzňeligi gazanmak ugrunda ädilen möhüm ädim hökmünde ýatlaýar.

Ýöne şol döwürlerde hem ýurt içinden häkimiýetleri açyk we ýarym açyk görnüşde tankyt eden az sanly hem bolsa, graždan aktiwistleri, ýagny raýat aktiwistleri bolupdy.

Onuň ynanjyna görä, Türkmenistanyň hökümetiniň 1999-nji ýylyň iýunynda dünýä ýurtlarynyň tas ählisi bilen arada wiza düzgünini girizmegi bilen üzňelik syýasaty tas resmi derejede dabara bilen yglan edildi we ýurduň çäginde raýat we syýasy işjeňligiň ömür tanapy kesildi. Aradan geçen 25 ýyl ýurtda häkimiýetler tarapyndan üzňelik syýasatyny we repressiýany berkitmäge gönükdirildi.

Ýöne üzňeligiň düýbüniň tutulýan ýyllarynda hem tankydy garaýyşlara, açyk pikirlere belli bir derejede çydamlylyk görkezilýärdi. Hatda Nyýazowyň özi hem telewizion çykyşlarynda özüne aýdylýan tankytlara telewideniýe arkaly jogap berýärdi.

“Ýurtda güýçli depginler bilen üzňelige taýýarlyk görülýärdi, emma muňa garamazdan, şol wagtlar ýurt içinden häkimiýetleri açyk we ýarym açyk tankyt eden az sanly bolsa-da graždan (indi raýat) aktiwistleri, ekologiýa we hukuk goraýjylary, žurnalistler bardy, olar Azatlyga, şol wagtky ýarym açyk Orsýetiň we Günbataryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine interwýular, maglumatlar bererdiler, ilkinji prezident S.

Nyýazowyň kabul edýän bikanun, kä halatlarda hiç akla sygmajak kararlaryny tankyt ederdiler.Iň gyzyklysy bolsa, ilkinji prezident Nyýazow şol yzy üzülmeýän tankytlara diňe bir repressiw we gorky apparaty bilen däl, eýsem, nähilem bolsa, öz çykarýan kararlaryna we olara garşy bildirilýän tankytlara açyk we telewideniýede jogap bererdi. Ýagny şol ýyllarda Nyýazow nähili ile gülkünç bolsa-da, özünde syýasy erk tapyp, öz çykarýan akla sygmajak kararlaryna nähilem bolsa teswir berip bilerdi.

Mundan başga-da, bellemeli zat, 1999-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Owganystandan başga ähli goňşulary belli bir derejede demokratik, açyklyk we metbugat erkinligini goldaýardylar (Eýranyň prezidentleri Rafsanjany we Hatami şol wagtlar Günbatar bilen ýakynlaşmak, Eýranda söz we metbugat azatlygyny berkitmek; Azerbaýjanda Haýdar Aliýew metbugata we oppozisiýa çäklendirilen bolsa-da iş ýöretmäge mümkinçilik berdi; Russiýada B. Ýelsin we Gazagystanda N.

Nazarbaýew belli bir derejede degişlilikde rus we gazak metbugatyna erkinlik berdiler; hatda Türkmenistanyň iň ýakyn goňşusy - Özbegistanyň şol wagtky awtoritar Prezidenti Y.Kerimow hem Azatlyk Radiosynyň özbek gullugyna, beýleki daşary ýurt mediasyna yzygiderli interwýu bererdi, Özbegistanda daşary ýurt media serişdeleriniň wekilleri iş alyp barýardylar).

Bu hem bolsa, elbetde, totalitarizmi we stalinçiligi gaýtadan gurmagy islän Nyýazow üçin ýakymsyzdy” diýip, ýerli synçy aýdýar.

Ahyrsoňy Nyýazow, synçynyň sözlerine görä, öz egindeşleri bilen ýurduň üzňelik syýasatynyň düýbüni tutýar. Onuň ynanjyna görä, Berdimuhamedowlar hem bu syýasaty dowam etdirdiler. Ýöne soňky ýolbaşçylaryň ilkinji prezidentden tapawudy: olar asla meseleleri agzamaýarlar.

“Emma häzirki wagtda diňe bir ataly-ogul Berdimuhamedowlar däl, eýsem, tutuş türkmen dolandyryjy düzümi (esteblişmenti) hiç bir real syýasy, ykdysady, sosial, medeni mesele boýunça metbugatda, mediada resmi jogap ýa düşündiriş berip bilenoklar.

Bu hem bolsa, elbetde, häzirki türkmen režiminiň doly derejede hiç hili açyklyga, reallyga, döwlet propagandasynyň tekrarlaýan "açyk gapylar, oňyn bitaraplyk, durnukly ösüş, parahatçylyk we dialog" syýasatlaryny amala aşyrmaga syýasy erkiniň ýokdygyny görkezýär” diýip, ýerli synçy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen diplomaty Human Rights Watch guramasynyň Ženewadaky edarasynyň direktory bilen duşuşdy
Türkmen resmisi adam hukuklaryny goraýjy halkara HRW guramasynyň wekili bilen duşuşdy
BMG raýatsyzlygy ýok etmekde Türkmenistanyň goşandyna ýokary baha berdi
BMG Türkmenistanyň raýatsyzlygy ýok etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berýär
BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji sessiýasy geçirildi
Ženewada Türkmenistanda adam hukuklarynyň berjaý edilişine Ählumumy döwürleýin syn berler