Syýasat we jemgyýet žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

Syýasat we jemgyýet žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän Syýasat we jemgyýet atly ylmy-nazaryýet žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onuň sahypalarynda ýerleşdirilen habarlar, maglumat beriş, seljerme we statistiki häsiýetli makalalar köptaraplaýyn döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryny beýan edýär.

Žurnal Garaşsyzlygyň 30 ýylynda dürli pudaklarda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan makala bilen açylýar.Onda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly şygar astynda geçen 2021-nji ýylyň ýurdumyzyň senenamasyna möhüm wakalary ýazandygy nygtalýar. Žurnalyň esasy mowzuklary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy hem-de onuň durnukly ösüşiniň möhüm ýagdaýlary baradaky meselelerden ybarat boldy. “Halkara gatnaşyklar” bölüminde ýerleşdirilen makalalarda Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasynyň ynsanperwer ugurlary açylyp görkezilýär. Şeýle-de onda ýurdumyzyň toplan tejribesi hem-de häzirki zaman daşary syýasat strategiýasy beýan edilýär.

Bu bolsa halkara gatnaşyklar ulgamynda bitaraplyk institutynyň ähmiýetiniň barha artýandygyna we möhümdigine şaýatlyk edýär.Neşiriň makalalarynyň biri hemişelik, oňyn Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň özboluşlylygynyň öwrenilişine bagyşlanypdyr.Okyjylar taryha gysgaça syýahat edip, Seljuklar döwletinde diplomatiýanyň eýeleýän orny baradaky arhiw maglumatlary bilen tanşyp bilerler.

Arheologiýa ylmynyň döreýşine we gazananlaryna bagyşlanan makala hem okyjylarda gyzyklanma döreder. Žurnalyň sahypalarynda gozgalýan beýleki möhüm meseleleriň hatarynda milli ykdysady nusga, Durnukly ösüş maksatlary, ýurduň nebitgaz pudagynyň ösüşi baradaky meseleler bar. Žurnalyň şu sany türkmen halkynyň baý aýdym-saz sungatyna, ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmekde milli medeniýetiň eýeleýän ornuna degişli makalalar bilen tamamlanýar.

Ýene degişli makalalar

'Öwrülişikli özgeriş' salgymy bilen sahna çykan syýasy karýera
ABŞ-nyň Palestina Syýasaty Ýok
Pedro Sançes gaýtadan tassyklandy
Ysraýylyň Hökümeti Gyrgynçylyk Syýasatyny Alyp Barýar
TDHÇMB: Oktýabr aýynda söwda geleşikleri $130 milliona ýetdi
Hytaýyň döwlet Geňeşiniň öňki premýeri Li Kesýan aradan çykdy
Slowakiýanyň täze Premýer-ministri