Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän Syýasat we jemgyýet ylmy-nazaryýet žurnalynyň nobatdaky sany — 7-nji goýberilişi çapdan çykdy. Žurnalyň sahypalarynda ýerleşdirilen köp taraply seljeriş makalalarynda, habarlarda we hasabat maglumatlarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp taraply döwlet syýasatynyň wajyp hem-de möhüm ugurlary beýan edilýär. Žurnalyň bu sany seljeriş-analitik makala bilen açylýar.
Onda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ylmy taýdan esaslandyrylan we maksada gönükdirilen ösüşiň toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalarynyň ýurdumyzyň öndüriji güýjüniň depginli ösüşini üpjün edýändigi bellenilýär, bu bolsa halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna kömek edýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde kabul edilen çözgüde laýyklykda, 2019-njy ýylda badalga berlen Konstitusion özgertmeleriň täze tapgyry žurnalyň esasy mowzuklarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň Baş Kanunyny kämilleşdirmek döwrüň talabyna laýyklykda, Türkmenistanyň taryhy, medeni we jemgyýetçilik-syýasy ösüşiniň dowamynda alnyp barylýar.
Halk Maslahatynyň hukuk derejesini kämilleşdirmek we kanun çykaryjylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bu işiň baş wezipesidir.Makalalarda bellenilişi ýaly, bu Türkmenistanda döwlet häkimiýetiniň ähli ulgamynyň taryhy ösüşi bilen baglanyşyklydyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikiri boýunça şu gezekki konstitusion özgertmeleriň maksatlarynyň täzeçillikleri Halk Maslahatynyň we Mejlisiň wezipeleriniň bitewi edarada birek-biregiň üstüni doldurýan sazlaşykly birleşmäni emele getirmekden ybaratdyr. Žurnalyň makalasy 2019-njy ýylda halk hojalyk toplumynyň depginli ösüşine bagyşlanýar.
Bu gün ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly senagat esasynda durmuş ugruna gönükdirilen bazar ykdysadyýetine geçmek tapgyrlaýyn esasda alnyp barylýar, önümçilik işlerini dolandyrmagyň sanly ykdysadyýeti kemala getirilýär.Makalada döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň fewralynda kabul eden Karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň ähmiýeti barada gürrüň berilýär.
Bu möhüm resminama IT-tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, pudaklaýyn ulgamlaryň hereket etmeginiň netijeliligini ýokarlandyrmak esasynda şolaryň dolandyryş ulgamlarynda düýpli innowasion özgertmeleriň hil taýdan täze ugry bolup durýar. Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy işleriniň dürli ugurlarynyň kemala gelşiniň we kämilleşdirilişiniň tapgyrlary barada söhbet açylýan makala okyjylar köpçüliginde gyzyklanma döretse gerek.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde kabul edilen kanunçylyk namalaryna laýyklykda, ugurdaş edaralaryň we ylmy işgärleriň derejesi ýokarlandyryldy.Makalada bu pudagy kadalaşdyrýan hukuk namalaryna giňişleýin seljerme berilýär.
Makalanyň awtory Diýarymyzyň alymlarynyň barlaglarynyň Altyn asyr Türkmen kölüniň kollektor-drenaž suw ulgamy hem-de gurak zolakda ekerançylygy, maldarçylygy we balykçylygy ösdürmek üçin ekologiýa kartasyny taýýarlamak, daşky gurşawy we Hazar deňziniň biologik dürlüligini hem-de Ýer gabygyny we seýsmiki işjeňligini, seýsmiki töwekgelçilikleri peseltmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek ýaly ugurlary öz içine alýandygyny belleýär. Şonuň bilen birlikde, Garabogaz kölüniň mineral serişdelerini toplumlaýyn özleşdirmegiň hem-de Magdanly — Köýtendag dag-magdan toplumyndaky Durnaly fosfor meýdançasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýerli çig maldan gurluşyk serişdelerini taýýarlamak, welaýatlaryň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan gowaçanyň orta we inçe süýümli görnüşleriniň tohumçylygy, Garagumda çägäni berkitmegiň usullary boýunça ylmy işläp taýýarlamalar hem-de oýlap tapyjylyk teklipleri ýakyn geljek üçin ylmy edaralaryň alyp barýan işleriniň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly düýpli ensiklopedik işi esasynda dermanlary taýýarlamak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.Halkymyzyň taryhyny hem-de medeniýetini, şol sanda dil öwreniş ylmy, etnografiýa, arheologiýa babatda öwrenmek, baý ruhy mirasyny we Diýarymyzyň gözel tebigatynyň ajaýyplyklaryny gorap saklamak hem-de wagyz etmek ylmy işleriň esasy ugurlarynyň hatarynda tassyklanyldy. Žurnalyň sahypalarynda köp ugurly döwlet ýaşlar syýasaty hem öz beýanyny tapdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen berk baglydyr. Ýaşlar Watanymyzyň güýç-kuwwatydyr we abraý-mertebesidir.Döwlet ýaşlar syýasaty hakyndaky Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň döwlet ýaşlar syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýaşlaryň hukuk hem-de durmuş goraglylygynyň, oňat başlangyçlaryny goldamagyň üpjün edilmeginiň, ýaş nesli türkmen halkynyň ruhy-ahlak däpleri, taryhy we medeni mirasy esasynda watançylyk, ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemegiň döwlet ähmiýetli işdigi kesgitlenildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, öz hünärinde ýokary ussatlyga eýe bolan, ylym we döredijilik bilen meşgullanýan, hemmetaraplaýyn ösen ýaşlary terbiýelemek, hünärmenleriň täze neslini taýýarlamak, ilkinji nobatda, bilim işini döwrebaplaşdyrmak esasynda alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, makalada ýaşlary hünäre ugrukdyrmaga we işe ýerleşdirmäge, syýasy-dolandyryş wezipeleriniň çözgüdine gyzyklanmalaryny höweslendirmäge, döredijilik, innowasion we terbiýeçilik işlerine goldaw bermäge gönükdirilen meselelere möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle hem ýaşlaryň başlangyçlaryny, özbaşdaklygyny ösdürmek, olaryň ýolbaşçylyk häsiýetlerini terbiýelemek boýunça alnyp barylýan işlerde jemgyýetçilik düzümleriniň, ýaşlar hereketleriniň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň wajypdygy nygtalýar.
Giň okyjylar köpçüligine hödürlenilýän makalada ýaşlary terbiýelemekde milli mirasyň eýeleýän orny hakynda gürrüň berilýär.Bellenilişi ýaly, islendik medeniýetiň esasynda, ozaly bilen, terbiýäniň halk medeniýetihalk pedagogikasy durýar.Akyl-paýhasa ýugrulan däp-dessurlary we urp-adatlary, halk terbiýesiniň düzümlerini nesilden-nesle geçiren ata-babalarymyz ýaşlary Watana, gözellige, ynsanperwerlige söýgi ruhunda terbiýeläpdirler.
Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden ruhy gymmatlyklary hüwdülerde, ertekilerde, rowaýatlarda, eposlarda, dessanlarda, nakyllarda giňden beýan edilipdir.Makalanyň awtory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Enä tagzym — mukaddeslige tagzym atly kitabynyň ähmiýetine ünsi çekýär.
Bu kitapda türkmeniň gadymy pedagogikasynyň köp asyrlyk paýhasy we medeniýetiň nesilden-nesle geçmegini üpjün edýän maşgala gymmatlygynyň wajypdygy açylyp görkezilýär.Milli Liderimiziň sözlerine görä, eneler iň oňat başlangyçlary miras goýmagyň wezipesini ýerine ýetirýärler.
Enäniň mähirli garaýşynyň we yhlasynyň üsti bilen adamyň iň oňat sypatlary we ukyplary çagalara geçirilýär diýlip, milli Liderimiziň kitabynda bellenilýär.Neşiriň sahypalarynda şeýle hem medeniýet babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary öz beýanyny tapdy.
Esasy meseleleriň hatarynda ruhy miras, häzirki nesillerde jemgyýetçilik hem-de özbaşdak akyl ýetirişi kemala getirmekde onuň ähmiýeti we täsiri; halklary ýakynlaşdyrmagyň hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmagyň täsirli guraly hökmünde medeni diplomatiýa; döredijilik bäsleşikleriniň, festiwallaryň, gözden geçirilişleriň üsti bilen zehinlileri ýüze çykarmak; medeniýet ulgamynyň edaralarynyň maddy binýadynyň pugtalandyrylyşy we kämilleşdirilişi; taryhy ýadygärlikleriň öwrenilişi, rejeleşdirilişi we dikeldilişi baradaky meseleler boldy. Žurnalda ýerleşdirilen makalalarda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halkara giňişligindäki durmuşa geçirilýän syýasatyň esasy ugurlaryna garalýar. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň energetika, ulag-kommunikasiýa, ekologiýa, sport, ynsanperwer meseleleri we beýlekiler boýunça Kararnamalarynyň 13-siniň kabul edilmegi daşary syýasat ýörelgämiziň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydy.
Makalalarda hemişelik Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň gymmaty hem-de ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ynsanperwer ugurlary açylyp görkezilýär, halkara giňişliginde milli Liderimiziň öňe sürýän oňyn başlangyçlaryna giňişleýin seljerme berilýär.Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň hem-de Rio-de Žaneýroda geçirilen Rio+20 Bütindünýä sammitiniň (Braziliýa), Sendaýda geçirilen tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiligini peseltmek boýunça BMG-niň III Bütindünýä maslahatynyň (Ýaponiýa) we Teguda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynyň (Koreýa Respublikasy) hem-de beýleki iri halkara forumlaryň münberlerinden birnäçe anyk başlangyçlary öňe sürdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu başlangyçlary Aral deňziniň meselelerini halkara derejesinde toplumlaýyn çözmäge, Hazar deňziniň daşky gurşawynyň arassaçylygyny üpjün etmäge, sebitiň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyna we onuň ýaramaz täsirini peseltmäge, biologik dürlüligi gorap saklamaga we çölleşmä garşy göreşmäge gönükdirilendir.
Makalalaryň ýene biri döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlän suw diplomatiýasyna bagyşlanýar.Merkezi Aziýada suw meselesi möhüm, käbir halatda bolsa sebit ösüşiniň özenine öwrülýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çykyşlarynda ençeme gezek nygtaýşy ýaly, şeýle şertlerde diňe bilelikdäki tagallalar Merkezi Aziýa döwletleriniň netijeli hyzmatdaşlygy üçin, şol sanda ekologiýa we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, durnukly energetikanyň toplumlaýyn ulgamyny döretmek maksatlarynda ýeke-täk kabul ederlikli esas bolup durýar.
Makalada ýurdumyzyň 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň tejribesi hakynda aýdylýar.Bu düzümiň işi Aralýaka döwletleriniň durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmaga, suw serişdelerini netijeli peýdalanmaga we daşky gurşawy goramagyň ýokary derejesini saklamaga gönükdirilendir.
Türkmenistanyň AHHG-na başlyklyk etmeginde gaznany esaslandyryjy döwletleriň milli hünärmenlerini we halkara hyzmatdaşlaryny çekmek bilen, Aral deňzi basseýniniň döwletlerine kömek bermek boýunça hereket etmegiň maksatnamasynyň Konsepsiýasynyň işlenilip taýýarlanylmagy esasy ösüşleriň biri bolup durýar. Şeýle hem makalanyň awtory Altyn asyr Türkmen kölüniň taslamasynyň kollektor-drenaž suwlaryny, zeý suwlaryny gaýtadan peýdalanmagyň meselelerini çözmäge gönükdirilendigi, zeý suwlarynyň suwarymly ýerleriň gutulgysyz netijesidigini barada gürrüň berýär.
Bellenilişi ýaly, şol suwlar ozal Amyderýa we Garaguma akdyrylan bolsa, indi Türkmenistan şu ägirt uly taslama netijesinde, tebigata aýawly garamagyň nusgasyny görkezip, sebitde ilkinji bolup zeý suwlaryny gaýtadan peýdalanýar.
Okyjylara hödürlenilýän giňişleýin makalada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ösüşiň täze belentliklerine tarap atly eserler ýygyndysynyň 12-nji jildiniň çapdan çykandygy hakynda giňişleýin gürrüň berilýär.Onda ýerleşdirilen makalalarda Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýen şygar bilen Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna giren 2018-nji ýylda döwlet Baştutanymyzyň alyp baran jemgyýetçilik-syýasy işi hemmetaraplaýyn we düýpli beýan edilýär.
Syýasat we jemgyýet ýyllyk žurnalynda çap edilen makalalaryň wajyplygy diňe bir hünärmenleriň arasynda däl, eýsem, köp sanly okyjylarda-da uly gyzyklanma döretjekdigini ikuçsyzdyr.