Londonda dünýäniň iň iri syýahatçylyk sergileriniň biri geçirildi.World Travel Market (WTM London) atly sergä dünýäniň dürli ýerlerinden bu ugurda iş alyp barýan syýahatçylyk, myhmanhana, awiasiýa, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary we beýlekiler gatnaşdy.
Pandemiýanyň yzda galmagy bilen syýahatçylyk pudagy gaýtadan ösüp başlady. Çärede syýahatçylygyň daşky gurşawa täsiri we aşa köp syýahatçylyk sebäpli ýüze çykýan meselelere-de garalar.Häzirki wagtda dünýäniň käbir kenarýaka şäherlerine uly gämileriň barmagy çäklendirildi.
Hünärmenler syýahatçylygyň daşky gurşawa zyýanyny azaltmak üçin durnukly infrastrukturany döretmegi teklip edýärler.Sergide soňky ýyllarda syýahatçylaryň diňe taryhy ýadygärliklere baý bolan iri şäherlere däl-de, tebigatyň jümmüşine ilatly ýerlerden uzakdaky adalara, dag eteklerine, köllere, çöllere we beýleki ýerlere barýandygy bellenildi.
Merdan GAÝYPNAZAROW, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby. /* custom css */ .td_uid_15_672f511cba21b_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_672f511cba21b_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }